Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri bellige almak dowam edýär | TDH
Jemgyýet

Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri bellige almak dowam edýär

опубликованно 14.02.2018 // 915 - просмотров
 

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär.

Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary getirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda halka wekilçilik etmek üçin has mynasyp adamlar hödürlenilýär. Dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenleri bar.

Degişli saýlaw toparlarynda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär. Ozal habar berlişi ýaly, milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek 24-nji ýanwarda başlandy, olar 27-nji fewrala çenli bellige alnar.

Dalaşgärleri bellige almak tamamlanandan soňra metbugatda olaryň sanawy çap ediler hem-de wagyz etmek işleri başlanar. Saýlaw toparlary degişli häkimiýet edaralary, kärhanalaryň we edaralaryň ýolbaşçylary ýygnaklary hem-de saýlawçylaryň dalaşgärler bilen duşuşyklaryny guramak boýunça bilelikde iş geçirer. Ähli dalaşgärlere şol duşuşyklaryň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýurdumyzy ösdürmegiň iri möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly öz tekliplerini beýan etmäge deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.

Ähli saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe dalaşgär hödürlenilýär, munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine doly kybap gelýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä halkara we milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň aýanlygyna hem-de berk kanunçylyga laýyklykda guralmagyna kömek eder.

Şu güne çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de birleşiklerinden we raýatlar toparlaryndan 2963 synçy bellige alyndy. Olaryň hemmesine degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinde saýlawlarda synçylar hökmünde öz wekilleriniň gatnaşjakdygyny habar berdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de daşary döwletlerden garaşsyz synçylaryň gelmegine garaşylýar.

Milli synçylar üçin ýurdumyzyň kanunçylygynda bolup geçen üýtgetmeler, öz wezipe borçlary hem-de öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen tanyşmak maksady bilen, okuw maslahatlary geçiriler. Ozal şeýle okuw maslahatlary welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary üçin hem guraldy.

Umumy ykrar edilen halkara tejribesine laýyklykda, synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine gatnaşar, saýlaw gutularynyň açylýan wagtynda, ses berilmegine başlamazdan öň hem-de ses bermegiň barşynda, sesler sanalanda, okrug boýunça we umumy jemler jemlenende, saýlawlaryň netijeleri kesgitlenen mahalynda şol ýerde bolup biler. Mundan başga-da, olar bu çäräniň guralyş derejesine baha berer, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilmegini, raýatlaryň hakyky islegini hem-de saýlaw çäresiniň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini üpjün eder.

Dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan şunuň ýaly demokratik ýörelgeler parlamente hem-de ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna mynasyp, päk ýürekli, zähmetsöýer, guramaçylyk ukybyna eýe bolan, işjeň durmuş we raýatlyk sypatlary bilen tapawutlanýan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli güýjüni, tejribesini we bilimini gaýgyrmaýan adamlaryň saýlanylmagyna ýardam berer.

Bellige alnan dalaşgärler hakyndaky maglumatlar hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklaryň geçiriljek wagty we ýeri barada habarlar ýerli metbugatda çap ediler, dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklaryň barşynda saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamalary bilen has doly tanyşdyrarlar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter