Mary we Lebap welaýatlarynda gepçiriljek halkara çäreleri baý many-mazmunly medeni maksatnama bezär | TDH
Medeniýet

Mary we Lebap welaýatlarynda gepçiriljek halkara çäreleri baý many-mazmunly medeni maksatnama bezär

опубликованно 16.02.2018 // 1031 - просмотров
 

23-nji we 26-njy fewralda geçiriljek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy, Owganystandaky Turgundy menzilinde Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň, Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň açylmagy hem-de “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlarynyň çykyşlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy aýdyň beýan ediler. Döredijilik toparlary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerini, baýramçylyk dessurlaryny, milli tagamy taýýarlamagyň aýratynlyklaryny, el işlerini, milli sport çärelerini we ýazky meýdan işlerini beýan ederler. Sergi toplumlarynda milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkeziler. Şeýle hem Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýän, şeýle hem jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde medeni çärelere möhüm ornuň degişlidigine ünçi çekip, ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter