Türkmen samboçylarynyň Minsk şäherindäki ýaryşda ilkinji medaly | TDH
Sport

Türkmen samboçylarynyň Minsk şäherindäki ýaryşda ilkinji medaly

опубликованно 16.02.2018 // 1256 - просмотров
 

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda sport we söweş sambosy boýunça Açyk çempionatynyň birinji gününde aşgabatly Ýusup Ismailow (52 kilograma çenli agram derejede) kümüş medala mynasyp boldy.

Şu agram derejede Russiýadan, Ukrainadan, Mongoliýadan gelen türgenler we ýer eýeleri bäsleşdiler.

Ýaryşy Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrligi, Halkara höwesjeňler sambo federasiýasy (FIAS), “Prezident sport kluby” respublikan döwlet-jemgyýetçilik birleşigi, Minskiniň şäher ýerine ýetiriji komiteti, Milli olimpiýa komiteti we Belarusuň sambo federasiýasy guradylar.

Ýaryşlara 10 döwletiň toparlary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň ýygyndysyna 18 türgen wekilçilik edýär.

Ýaryş 18-nji fewrala çenli dowam eder. Şeýlelikde, ýaryşlaryň birinji gününde gazanylan medalyň höwrüniň köp boljakdygyna ynanmak üçin esas bar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter