“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy | TDH
Syýasat habarlary

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

опубликованно 16.02.2018 // 1447 - просмотров
 

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-amaly žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasatynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnal wagt yzygiderliliginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklaryny we gepleşiklerini beýan edýän makalalar toplumy bilen açylýar. Şol duşuşyklaryň örän möhüm ylalaşyklar we şertnamalar bilen berkidilen aýratyn netijeliligi, biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygyň, ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Iki ýurduň baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin halkara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerine garadylar, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlediler, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna özara taýýardyklaryny tassykladylar. Senagat, energetika, ýokary tehnologiýalar, ulag we aragatnaşyk, saglygy goraýyş, obasenagat, medeniýet we sport ýaly ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ulgamlary hökmünde görkezildi.

Türkmen-rus gatnaşyklarynyň derejesine oňyn baha berip, Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp babatda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen üstünlikli ösdürilýändigini belläp, Prezident Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagyny — Aleksandr Newskiý ordenini gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz öz nobatynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordenini gowşurdy.

Žurnalda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2 — 3-nji noýabrda Täjigistan Respublikasyna bolan resmi sapary hem beýan edilýär. Özara ynam, netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy boýunça bilelikdäki iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi döwletara hyzmatdaşlygynyň strategik ugrunda tagallalaryň birleşdirilmeginiň aýdyň netijesi hökmünde görkezildi, bu ýol tutuş sebit üçin, şeýle hem türkmen elektrik energiýasynyň Owganystanyň üsti bilen Täjigistana iberilmegini guramakda möhüm ähmiýete eýedir.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” şu gezekki sanynda çap edilen makalalarda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdiniň oňyn, deňeçer ýollaryny gözlemekde ýurdumyzyň eýeleýän möhüm ornunyň köp babatda iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaş ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary üpjün edendigi baradaky pikir öz beýanyny tapýar.

Geçen ýyl iki sany möhüm senä beslendi, olar Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna girmeginiň 25 ýyllygy hem-de paýtagtymyzda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň Sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygydyr, bu merkeziň döredilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka bolup durýar.

Bu merkez sebitde Milletler Bileleşiginiň ygtybarly düzümi hökmünde özüni görkezip, möhüm meseleleriň köp ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklar üçin ähmiýetli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi.

Merkeziň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň Sebit merkeziniň orny” atly Rezolýusiýa kabul edildi. Bu waka halkara bileleşiginiň türkmen Lideri tarapyndan geçirilýän parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde 20-nji dekabrda kabul edilen “Durnukly ösüş ulgamynda maksatlara ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bu başlangyjyň ählumumy goldawa eýediginiň we şeýle hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň subutnamasy boldy. Munuň özi Türkmenistanyň Baştutanynyň beýleki möhüm ulgamlarda bolşy ýaly, şeýle möhüm ugurda öňe sürýän döredijilikli teklipleriniň dünýä bileleşiginiň makullamagyna eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlyklyk eden Halkara Energetika Hartiýasynyň Maslahatynyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen 28-nji mejlisi geçen ýylyň örän möhüm wakalarynyň biridir, bu waka žurnalda çap edilen makalada öz beýanyny tapdy.

Şeýle ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna, dünýä energetikasynyň ösüşiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hil taýdan täze pikir alyşmalar meýdançasynyň döredilmegine, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülen hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň dünýäniň onlarça ýurtlarynyň awtordaşlyk etmeginde kabul edilen degişli Rezolýusiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ählumumy ösüşiň möhüm şerti bolup durýan dünýä energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ýene bir möhüm başlangyjydyr.

Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistan tarapyndan oktýabr—dekabr aýlarynda kabul edilen halkara jarnamalarynyň we “Durnukly ösüş ulgamynda maksatlara ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak” atly Rezolýusiýanyň çap edilendigini bellemek gerek.

Žurnalyň makalalarynyň hatarynda ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlarynda eden çykyşlaryna aýratyn orun berilýär. Olaryň hatarynda Energetika Hartiýasynyň müdiriýetiniň Baş sekretary Urban Rusnagyň, ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeriň çykyşlary bar.

Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi Murad Aşraf Janjua we Malaýziýanyň ilçisi Roseli bin Abdul ýurdumyz bilen giň möçberli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň gününiň baýramynyň öň ýanynda çap edilen makalalar häzirkizaman şertlerinde bitaraplyk ýörelgeleriniň möhüm ähmiýete eýe bolmagy babatynda aýratyn many-mazmuna beslendi. “Öňüni Alyş diplomatiýasy: döwürleriň arabaglanyşygy we dowamatlylyk”, “12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni” atly makalalarda türkmen halkynyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleri esasyny düzen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň parahatçylygy we özara düşünişmegi goramagyň, Ýer ýüzünde emele gelýän ähli meseleleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi hem-de gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin täsirli gural hökmünde uly ähmiýete eýedigine üns çekilýär.

Dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda üýtgewsiz ösdürilýän Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar, şeýle hem Latyn Amerikasy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleri hakynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işgärleri tarapyndan taýýarlanylan makalalarda gürrüň berilýär.

“Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşmegi” atly makalada milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ähmiýeti nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň teklibi boýunça noýabr aýynda Aşgabatda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji maslahatynyň (REССA VII) geçirilendigi bellenilýär. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan —Gruziýa — Türkiýe — “Lýapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň döredilmegi barada bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegi bu maslahatyň möhüm netijesi boldy. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz sebitlerini, Ortaýer deňziniň sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Däp bolan “Diplomatiýa durmuşynyň senenamasy” diýen umumy sözbaşy bilen çap edilen habarlarda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçen ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda guralan maslahatlara, žurnalistler bilen duşuşyklara, daşary ýurtlaryň DIM-niň arasyndaky syýasy geňeşmelere, hökümetara toparlarynyň mejlislerine, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň we iri halkara guramalarynyň wekiliýetleri bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklara we gepleşiklere uly orun berilýär.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynda çap edilen makalalaryň möhüm meseleleri öz içine almagy, olaryň düşnükli dilde beýan edilmegi neşiriň nobatdaky sanynyň diňe bir hünärmenleriň arasynda däl-de, ýurdumyzyň hem, daşary ýurtlaryň hem köp sanly okyjylarynyň islegine eýe bolmagyny üpjün edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter