Minskide halkara ýaryşynda türkmen samboçylary üç kümüş we iki bürünç medal gazandylar | TDH
Sport

Minskide halkara ýaryşynda türkmen samboçylary üç kümüş we iki bürünç medal gazandylar

опубликованно 18.02.2018 // 1676 - просмотров
 

Minskide Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky sport we söweş sambosy boýunça geçirilen açyk çempionatda biziň türgenlerimiz üç kümüş we iki bürünç baýragy gazandylar.

Biziň ýygyndy toparymyzyň hasabynda söweş sambosy boýunça gazanylan medallaryň dördüsi hasaba alyndy. 100 kilogramdan gowrak has ýokary agram derejede geçirilen bäsleşikde Muhammet Nobatow kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýerde biziň türgenimiz bilen Ukrainanyň samboçysy bäsleşdi.

74 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edenleriň arasynda hormat münberiniň ikinji we üçünji basgançagyna degişlilikde biziň türgenlerimiziň birbada ikisine– Abdylla Babaýewe we Şatlyk Çaryýewe çykmak başartdy. Türkmenistanly Ruslan Ismailow (62 kilogram agrama çenli) bäsleşigiň bürünç medalyna eýe boldy.

Ýaryşlaryň ilkinji gününde 52 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Ýusup Ismailowyň russiýaly türgen bilen duşuşyp, kümüş medala mynasyp bolandygyny ýatlalyň.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter