Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşine uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşine uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

опубликованно 19.02.2018 // 1294 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana ýurduň Yspyhan welaýatynyň Semirom şäheriniň golaýynda “Aseman” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter