Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di

опубликованно 20.02.2018 // 1555 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Azi­ýa — Ýu­waş um­many se­bi­ti bo­ýun­ça baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Ste­fa­no Pam­pa­lo­ne­ni ka­bul et­di.

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­na esas­lan­ýan da­şa­ry yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ste­fa­no Pam­pa­lo­ne­niň bel­leý­şi ýa­ly, onuň we­kil­çi­lik ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki dö­wür­de tu­tuş dün­ýä­de yg­ty­bar­ly we gel­je­gi uly hyz­mat­daş hök­mün­de yk­rar edi­len hem-de ägirt uly se­riş­de we yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow uzak­ möh­let­le­ýin esas­da ýo­la go­ýul­ýan iki­ta­rap­la­ýyn işe­wür gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm ugur­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­le­riň tap­gyr­la­ýyn esas­da ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň giň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ň gi­ňel­dil­me­gi­ne, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­läp, türk­men ta­ra­py­nyň ge­lip go­wuş­ýan äh­li tek­lip­le­ri iş­jeň öw­ren­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da myh­man döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy tä­jir­çi­lik ulag ugur­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da, gur­lu­şyk teh­ni­ka­la­ry­ny, oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te uly se­riş­de­le­ri­ iber­mek­de dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýän “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň işi­niň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýur­du­myz bi­len 25 ýyl bä­ri hyz­mat­daş­lyk ed­ýän bel­li kom­pa­ni­ýa­nyň we­ki­li pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ugur­la­ryn­da­ky ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Ste­fa­no Pam­pa­lo­ne ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan iri tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny we mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne kom­pa­ni­ýa­nyň iş­jeň gat­naş­ma­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, bir­nä­çe anyk tek­lip­le­ri aýt­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­giniň türk­men döw­le­ti­niň ösü­şi­niň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, hä­zir­ki dö­wür­de oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň düýp­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, şol san­da ulag se­riş­de­le­ri­niň döw­re­bap de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Hut şu ugur­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Şol bir wag­tyň özün­de oba­se­na­gat top­lu­my üçin da­şa­ry ýurt­la­ryň ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Da­şo­guz­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­tyn­da ýö­ri­te okuw-usu­ly­ýet mer­ke­zi açy­lyp, on­da türk­men ta­lyp­la­ry­nyň hä­zir­ki­ za­man teh­ni­ka­la­ry­ny iş­jeň öw­ren­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­me­gi­niň, ola­ryň ýo­ka­ry hi­li­niň, kö­pu­gur­ly­ly­gy­nyň we yg­ty­bar­ly­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň tä­ze­çil usul­da in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki taý­dan üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gin­de esa­sy ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Işe­wür öz ge­ze­gin­de we­kil­çi­lik ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bil­di­ril­ýän yna­ma buý­san­ýan­dy­gy­ny nyg­tap, mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk borç­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we “СNH In­dust­rial” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter