Pauer­lif­ting bo­ýun­ça türk­men tür­ge­ni kü­müş me­da­la eýe bol­dy | TDH
Sport

Pauer­lif­ting bo­ýun­ça türk­men tür­ge­ni kü­müş me­da­la eýe bol­dy

опубликованно 20.02.2018 // 1371 - просмотров
 

Du­baý şä­he­rin­de (Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri) müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­li tür­gen­le­riň ara­syn­da pauer­lif­ting bo­ýun­ça dün­ýä Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­lar­da türk­me­nis­tan­ly tür­gen Ser­geý Me­lad­ze 72 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de kü­müş me­da­la eýe bol­dy.

Bi­ziň tür­ge­ni­miz il­kin­ji sy­na­ny­şyk­da 180 ki­log­ram ag­ra­my gö­ter­di, 185 ki­log­ram ag­ra­my bol­sa Ser­geý ikin­ji sy­na­ny­şyk­da gö­ter­di.

Mu­nuň özi tai­land­ly tür­gen, bü­rünç me­da­lyň eýe­si Fongs Ma­ras­ri­den öňe geç­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di, ol 180 ki­log­ram ag­ra­my gö­te­rip­di. Bu ag­ram de­re­je­sin­de pauer­lif­ting bo­ýun­ça yrak­ly us­sat tür­gen Ra­sul Moh­sin 220 ki­log­ram ne­ti­je bi­len ýe­ňi­ji bol­dy.

Ser­geý Me­lad­ze hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar­da uly tej­ri­be top­la­dy. Ol Lon­don­da we Rio-de-Ža­neý­ro şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­len Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na we dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ne gat­naş­dy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter