Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 30.06.2015 // 980 - просмотров
 

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Täjigistanda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyny Siziň adyňyz bilen baglanyşdyrýarlar. Şol gatnaşyklar bolsa özara ynanyşmak häsiýetine eýedir. Özara bähbitli täjik- türkmen hyzmatdaşlygynyň anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy bilelikdäki tagallalar bilen öňde goýlan maksatlara ýetmäge mümkinçilik berer.

Diňe bir Täjigistanyň we Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň jana-jan bähbitlerini şöhlelendirýän bu tagallalaryň garaşylýan netijäni berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu nurana günde Siziň maşgalaňyza abadançylyk hem-de dostlukly Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryňyzda üstünlik arzuw etmäge rugsat ediň.

***

Serž Sargsýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk we döwlet işiňizde üstünlikler arzuw edýärin.

Siziň durmuşa geçirýän syýasatyňyz netijesinede häzirki wagtda Türkmenistan okgunly ösýän, özüniň daşary syýasat ugruny hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwlet bolup durýar.

Siziň döwlet işindäki baý tejribäňiziň, şahsy tagallalaryňyzyň we maksada okgunlylygyňyz mundan beýläk-de ermenni -- türkmen döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine, özara bähbitli söwda – ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleriňizde üstünlikler arzuw edýärin.

***

Borut Pahor,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident,

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de bagt, berk jan saglyk we Siziň jogapkärli wezipäňizde mundan beýläk-de üstünlikler gazanmagyňyz baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Siziň bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijelerine hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetine kanagatlanma bildirmäge rugsat ediň. Özara ynanyşmagyň we hormat goýmagyň esasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk ýoly bilen ynamly öňe gitjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter