Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hin­dis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler döw­let mi­nist­ri bilen duşuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hin­dis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler döw­let mi­nist­ri bilen duşuşdy

опубликованно 22.02.2018 // 1465 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler döw­let mi­nist­ri je­nap Mo­ba­şar Ja­wed Ak­bar bi­len du­şuş­dy. Ol öňü­miz­dä­ki da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­mak üçin öz ýur­du­nyň we­ki­li­ýe­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip, Türk­me­nis­ta­na gel­di.

Ýo­ka­ry we­zi­pe­li myh­man türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we äh­li türk­men hal­ky­na Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­nyň mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Je­nap Mo­ba­şar Ja­wed Ak­ba­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Hin­dis­tan­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çiril­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ta hem-de türk­men Li­de­ri­niň pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dyn­da öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler we gol­da­ýar­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dost­luk­ly döw­le­tiň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aý­dyp, bi­ziň halk­la­ry­my­zy çuň­ňur ta­ry­hy, ru­hy we me­de­ni kök­le­riň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Hin­dis­tan ýur­du­my­zyň mö­hüm hyz­mat­da­şy bo­lup­dy we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýar. Hin­dis­tan bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Biz türk­men-hin­di gat­na­şyk­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris hem-de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, şol san­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de ola­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we iki ýur­duň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek işin­de, şeý­le hem sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar, şol san­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň mö­hüm or­ny bel­le­nil­di.

Söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­my, dok­ma se­na­ga­ty we beý­le­ki bir­nä­çe pu­dak­lar döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň der­wa­ýys ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Söw­da-yk­dy­sa­dy, ylym we teh­no­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-hin­di to­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Mun­dan baş­ga-da, dür­li de­re­je­de iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek tej­ri­be­si­ni do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di. Şol du­şu­şyk­lar deň­hu­kuk­ly­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da gu­ral­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu ugur­da hä­zir­ki wagt­da özü­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­na ga­dam bas­ýan Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn orun be­ril­ýär.

Trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak şu tas­la­ma gat­naş­ýan ýurt­la­ryň äh­li­si üçin yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy we TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň Azi­ýa se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­niň dur­nuk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ma­ly­dy­gy­ny we umu­man, äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­me­li­di­gi­ni hem-de Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­lu­gyň we uzak ­möh­let­li hyz­mat­daş­ly­gyň ha­ky­ky köp­rü­si­ne öw­rül­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Je­nap Mo­ba­şar Ja­wed Ak­bar Hin­dis­ta­nyň Türk­me­nis­ta­nyň ba­şy­ny baş­lan bu mö­hüm ener­ge­ti­ka tas­la­ma­sy­na yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­lap, öz ýur­du­nyň türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň ibe­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi ok­gun­ly ös­ýän hin­di yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne is­leg­le­ri­niň art­ýan­dy­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­li­lik hem-de uzak ­möh­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ral­ýan türk­men-hin­di hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­läp, ta­rap­la­ryň bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni çalt­laş­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy­ny hem-de şu mak­sat­lar bi­len äh­li çä­re­le­ri gör­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.

Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler bo­ýun­ça döw­let mi­nist­ri ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek me­se­le­si­ne de­gip ge­çip, ýur­du­my­zyň ba­şy­ny baş­lan, de­mir ýol ge­çel­ge­le­ri­ni gur­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­la­ryň, hu­su­san-da, er­tir açyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy tä­ze de­mir ýo­luň açyl­ma­gy­ny, şeý­le hem tu­tuş se­bi­te uly ösüş ge­tir­ýän hal­ka­ra elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň hem-de op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Mun­dan baş­ga-da, iki hal­kyň ta­ry­hy we me­de­ni kök­le­ri­niň umu­my­ly­ga esas­lan­ýan dost­luk­ly we öza­ra yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da däp bo­lan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň or­ny bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men we hin­di halk­la­ry­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mek mak­sa­dyn­da yn­san­per­wer ul­gam­da alyş­ma­la­ry mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy hem-de ylym we bi­lim, hä­zir­ki­ za­man mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, sy­ýa­hat­çy­lyk we sport ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy nyg­tal­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler bo­ýun­ça döw­let mi­nist­ri däp bo­lan türk­men-hin­di gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­rap­la­ryň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge me­ýil­li­di­gi­ne da­ýa­nyp, iki dost­luk­ly döw­let­le­riň we halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter