Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ys­lam ösüş ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ys­lam ösüş ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

опубликованно 22.02.2018 // 1553 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ys­lam ösüş ban­ky­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Man­sur Muh­ta­ry ka­bul et­di, ol ägirt uly hal­ka­ra äh­mi­ýet­li da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na gel­di.

Myh­man ýüz­be-ýüz du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy öň­de bol­jak şan­ly wa­ka­lar — Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň baş­la­nyl­ma­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi, bu ener­ge­ti­ka ge­çi­ri­ji­si­niň ug­ry bo­ýun­ça elekt­rik ge­çi­ri­ji hem-de op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň çe­kil­me­gi­ne gi­ri­şil­me­gi, şeý­le hem Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li gut­la­dy.

Man­sur Muh­tar YÖB-niň ýur­du­myz bi­len bu tas­la­ma­ny hem-de beý­le­ki mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ry ama­la aşyr­mak­da işe­wür hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ne buý­san­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Azi­ýa se­bi­ti­niň mun­dan beý­läk-de yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň, onuň ila­ty­nyň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­nyň ös­me­gi­niň ke­pi­li hök­mün­de gel­jek­ki gaz ge­çi­ri­ji­si­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ys­lam ösüş ban­ky­nyň bu iri möç­ber­li tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni gol­da­ýan­dy­gy, şeý­le hem şu ge­zek­ki da­ba­ra­la­ra gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, myh­ma­na bu çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi üçin Ma­ry şä­he­ri­niň saý­la­nyp al­nan­dy­gy­nyň se­bä­bi ba­ra­da gys­ga­ça gür­rüň ber­di.

Bu şä­her dür­li ta­ry­hy dö­wür­ler­de Merw ýa-da Ma­ru-Şa­hu Ja­han diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Bu top­rak­da dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­la­ry­nyň bi­ri eme­le gel­di, ga­dy­my­ýet­de hem-de or­ta asyr­lar­da bu ýer­de dür­li döw­let­ler gül­läp ös­di, Merw bol­sa tu­tuş Gün­do­ga­ryň aja­ýyp ylym we me­de­ni­ýet mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Mu­ňa hä­zir­ki Ma­ry şä­he­rin­den uzak bol­ma­dyk kün­jek­ler­de sak­la­nyp ga­lan ar­heo­lo­gi­ýa we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Bi­ziň gün­le­ri­miz­de bu se­bit dün­ýä­de iň iri “Gal­ky­nyş” gu­ry­ýer gaz kä­ni hök­mün­de hem meş­hur­dyr, bu gaz kä­ni de­ňiz aşagyn­da­ky äh­li kän­le­riň sa­na­wyn­da hem möç­beri bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji or­ny eýe­le­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz YÖB-niň işi­ne, Türk­me­nis­tan bi­len bu ab­raý­ly hal­ka­ra ma­li­ýe eda­ra­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ýe­ti­len de­re­je­si­ne, onuň TOPH gaz geçiriji tas­la­ma­sy­nyň iler­le­dil­me­gi­ne, şeý­le hem mö­hüm bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na goş­ýan uly go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da, my­sal üçin, Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­ly bar. Bu we beý­le­ki de­mir ýol­lar bo­ýun­ça eý­ýäm yzy­gi­der­li ýük gat­naw­la­ry ýo­la go­ýul­dy, ýa­kyn­da Hy­taý­dan Eý­ra­na çen­li sy­nag ýük dü­züm­le­ri ge­çi­ril­di.

YÖB-niň gat­naş­ma­gyn­da no­bat­da­ky iri möç­ber­li tas­la­ma­nyň — TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ke­pi­li bo­lar, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­na ýy­ly­lyk, ýag­ty­lyk hem-de dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny eçi­ler di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Ys­lam ösüş ban­ky bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Özi üçin ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Mer­wiň şöh­rat­ly ta­ry­ha bes­le­nen top­ra­gyn­da şu gün­ler ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ra gat­naş­ma­gyň uly mer­te­be bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Man­sur Muh­tar ça­ky­lyk üçin ýe­ne bir ge­zek ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di we öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny aýt­dy.

Myh­man şeý­le hem YÖB-niň pre­zi­den­ti, dok­tor Ban­dar Al Ha­ja­ryň adyn­dan türk­men Li­de­ri­ne mä­hir­li sa­lam we iň go­wy ar­zuw­la­ry ýe­tir­di. Türk­men hal­ky­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şi hem-de aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy ýur­duň Baş­tu­ta­ny­nyň tä­ze­çil we oý­la­ny­şyk­ly sy­ýa­sa­ty bi­len şert­len­di­ri­len­dir hem-de biz Türk­me­nis­ta­nyň gel­jek­de hem üs­tün­lik­li ös­jek­di­gi­ne ynan­ýa­rys we bi­ziň ban­ky­my­zyň gel­jek­ki tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­gy­ny özü­miz üçin be­lent mer­te­be ha­sap­la­ýa­rys di­ýip, myh­man YÖB-niň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy, hu­su­san-da, se­bit äh­mi­ýet­li gel­je­gi uly mak­sat­na­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da myh­man Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni no­bat­da­ky hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­lap, YÖB-niň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy hem-de türk­men ba­za­ry­nyň aý­ra­tyn özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni, bu ýer­de şol san­da amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­ny hem öz içi­ne al­ýan işe­wür­li­gi ýö­ret­mek üçin aň­ry­baş oňyn şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­di.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter