Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di

опубликованно 22.02.2018 // 1326 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň Mer­ke­zi we Gün­ba­tar Azi­ýa bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti­niň baş di­rek­to­ry Wer­ner Li­pa­gy ka­bul et­di.

Myh­man ýüz­be-ýüz du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin türk­men Li­de­ri­ne ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy öň­de bol­jak şan­ly wa­ka­lar — Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tä­ze des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň hem-de bu ugur bo­ýun­ça op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň çe­kil­me­gi­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi, şeý­le hem Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy bi­len gut­la­dy.

Wer­ner Li­pak, hu­su­san-da, gaz ge­çi­ri­ji­niň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di hem-de TOPH hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ug­ry bo­ýun­ça ener­gi­ýa tas­la­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýurt­la­ry üçin di­ňe bir üs­ta­şyr ge­çel­gä­ni üp­jün et­män, köp ýurt­lar üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow myh­man bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, AÖB-niň ýol­baş­çy­la­ry­na hyz­mat­daş­ly­ga oňyn çe­me­le­şil­ýän­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Azi­ýa ösüş ban­ky ýa­ly iri ma­li­ýe dü­zü­mi­niň TOPH gaz geçiriji tas­la­ma­sy­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gat­naş­ýan­dy­gy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu iri hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­sy bi­len bi­le­lik­dä­ki işiň oňyn tej­ri­be­si­niň top­la­nan­dy­gy­ny bel­läp, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­ra­da­ky pi­ki­ri be­ýan et­di.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Wer­ner Li­pak ägirt uly yk­dy­sa­dy we se­riş­de­ler kuw­wa­ty­na eýe bo­lan, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de özü­ni jo­gap­kär­li hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de gör­ke­zen ýur­du­myz bi­len işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny bel­läp, mil­li Li­de­ri­mi­zi öň­de bol­jak ta­ry­hy wa­ka­lar bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­la­dy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter