Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ga­za­gys­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry­ny ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ga­za­gys­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry­ny ka­bul et­di

опубликованно 22.02.2018 // 1303 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na ge­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry As­kar Ma­mi­ni ka­bul et­di.

Wagt ta­pyp ka­bul eden­li­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, myh­man döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­wiň hoş­ni­ýet­li söz­le­ri­ni we türk­men hal­ky­na gül­läp ösüş hem-de ro­waç­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.

Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ­ge­çi­ri­ji­si­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­mek, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň düý­bü­ni tut­mak, şeý­le hem Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan çä­re­le­re gat­naş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, je­nap As­kar Ma­min hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dü­ril­me­gi­ne, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­rer.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na hoş­ni­ýet­li söz­le­ri­ni be­ýan edip, Ga­za­gys­ta­nyň bi­ziň ýur­du­myz üçin se­bit bo­ýun­ça mö­hüm hyz­mat­daş bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ge­çen ýy­lyň ap­rel aýyn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da As­ta­na­da gol çe­ki­len Stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky şert­na­ma mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar bi­len dur­mu­şa ge­çi­ri­len iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­lar iki döw­le­tiň öza­ra bäh­bit­li oňyn hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy­nyň be­ýa­ny bol­dy. Olar iki­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­le­re hem, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň we ösü­şiň mak­sat­la­ry­na hem la­ýyk gel­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýol se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ony hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam ber­ýän hä­zir­ki ­za­man ulag dü­zü­mi­niň ke­ma­la gel­me­gi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar.

Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we myh­man ener­ge­ti­ka we ulag, se­na­gat hem-de söw­da pu­dak­la­ry ýa­ly stra­te­gi­k ul­gam­lar­da örän uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan türk­men-ga­zak hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.

Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm hem-de aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan yn­san­per­wer ul­ga­myn­da däp bo­lan gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça gö­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne, bu ul­gam­lar­da bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni hem-de tej­ri­be al­şyl­ma­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry As­kar Ma­min iki ýur­duň däp bo­lan dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň gel­jek­de hem do­gan­lyk halk­la­ryň bäh­bit­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter