Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry­ny ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry­ny ka­bul et­di

опубликованно 22.02.2018 // 1378 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, “Uz­bek­nef­te­gaz” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Ali­şer Sul­ta­no­wy ka­bul et­di. Ol Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gyna ba­dal­ga be­ril­me­gi, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy hem-de Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li çä­re­le­re gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za gel­di.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň se­ne­na­ma­sy­na gir­jek ta­ry­hy wa­ka­lar my­na­sy­bet­li Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň mä­hir­li sa­la­my­ny we gut­lag­la­ry­ny ýe­tir­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Öz­be­gis­tan­da Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­na hem-de iki hal­kyň ara­syn­da­ky dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler. Bu sy­ýa­sat se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň hem-de ösü­şiň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na hem-de hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Goň­şy ýurt­lar, şol san­da Öz­be­gis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Türk­men hal­ky­ny Öz­be­gis­ta­nyň hal­ky bi­len ga­dym­dan gel­ýän dost­luk gat­na­şyk­la­ry hem-de me­de­ni däp-des­sur­la­ryň umu­my­ly­gy bag­la­nyş­dyr­ýar.

Myh­ma­nyň bel­leý­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sür­ýän, äh­lu­mu­my we se­bit howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, tu­tuş se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne, ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry giň hal­ka­ra yk­rar­na­ma­sy­na my­na­syp bol­dy we iş ýü­zün­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň, şeý­le hem Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ägirt uly äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Olar ha­ky­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hyz­mat­daş­ly­gy­nyň aý­dyň ny­şan­la­ry bo­lup dur­ýar­lar.

Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň or­ny bel­le­nil­di. Ýur­du­myz giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ug­ru­na yg­rar­ly bol­mak bi­len we özü­niň ägirt uly se­riş­de­ler kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň hyz­ma­tyn­da go­ýup, äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň tä­ze ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýar we bu ugur­da anyk ädim­le­ri äd­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem-de myh­man hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly kuw­wa­ty, şeý­le hem iki hal­kyň ta­ry­hy, me­de­ni we ru­hy umu­my­ly­gy onuň esa­sy­ny düz­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni nyg­tap, söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer-me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Şu hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si dur­mu­şa ge­çi­ril­di hem-de hä­zir­ki wagt­da hem üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.

Myh­man öňü­miz­dä­ki da­ba­ra­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, bu ta­ry­hy wa­ka­la­ryň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, pa­ra­hat­çy­lyk­ly ösüş­de, öza­ra bäh­bit­li hem-de deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­de se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry üçin tä­ze tap­gyr bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ali­şer Sul­ta­now iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk we do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ral­ýan gat­na­şyk­la­ryň türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter