Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri­ni ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri­ni ka­bul et­di

опубликованно 22.02.2018 // 1288 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Sul­tan Bin Said Al-Man­su­ry ka­bul et­di.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik hem-de türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li gar­şy­lan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za BAE-niň Pre­zi­den­ti Şeýh Ha­lif Bin Za­ýed Al Na­ha­ýa­nyň mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de se­bit äh­mi­ýet­li no­bat­da­ky giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­ma­gy bi­len bag­ly da­ba­ra­lar my­na­sy­bet­li, mil­li Li­de­ri­mi­ze iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny we gut­lag­la­ry­ny ýe­tir­di. Myh­man Türk­me­nis­ta­nyň bü­tin dün­ýä­de ne­ti­je­li­li­gi hem-de äh­lu­mu­my ösü­şe gö­nük­di­ri­len­di­gi bi­len meş­hur bo­lan hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň uly hor­ma­ta we gol­da­wa my­na­syp bol­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýo­ka­ry ba­ha üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bi­len öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga we gi­ňelt­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da şol gat­na­şyk­la­ryň öňün­de tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.

BAE-niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri arap işe­wür to­par­la­ry­nyň ýur­duň tu­tuş halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len öň­den­gö­rü­ji­lik­li ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Myh­man Türk­me­nis­ta­nyň ägirt uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny hem-de ma­ýa go­ýum­la­ry ba­bat­da özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni bel­läp, söw­da-yk­dy­sa­dy, ne­bit-gaz, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, ulag-ara­gat­na­şyk we beý­le­ki esa­sy pu­dak­lar­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňeld­ýän Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­tiň aý­ra­tyn or­nu­ny bel­le­di. Mu­ňa şeý­le hem ýur­du­myz­da işe­wür­lik üçin äh­li şert­le­riň bol­ma­gy, ka­nun­çy­lyk üp­jün­çi­li­gi­niň ka­da­ly­dy­gy, sy­ýa­sy we dur­muş dur­nuk­ly­ly­gy, ok­gun­ly se­na­gat ösü­şi ýar­dam ed­ýär.

Hoş­la­şan­la­ryn­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we myh­man iki ýur­duň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ola­ryň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ber­ke­jek­di­gi­ne we gi­ňel­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Du­şu­şy­ga BAE-niň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ha­san Ab­dul­la Al Adab, şeý­le hem Abu-Da­bi­niň Ösüş gaz­na­sy­nyň ma­ýa go­ýum­la­ry bo­ýun­ça di­rek­to­ry Ra­şid Mu­ham­med Ah­med Al-Kaa­bi gat­naş­dy­lar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter