Mej­li­siň de­pu­tat­ly­gy­na, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­ly­gy­na da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­mek ta­mam­lan­dy | TDH
Jemgyýet

Mej­li­siň de­pu­tat­ly­gy­na, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­ly­gy­na da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­mek ta­mam­lan­dy

опубликованно 22.02.2018 // 875 - просмотров
 

Türk­me­nis­tan­da Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­ny, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­ny saý­la­mak bo­ýun­ça saý­law möw­sü­mi­niň çäk­le­rin­de da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­mek ta­mam­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da bel­li­ge al­mak do­wam ed­ýär we da­laş­gär­le­riň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­la­ry baş­lan­dy.

He­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da, saý­law ok­rug­la­ryn­da da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­mek bo­ýun­ça ýyg­nak­lar ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar da­laş­gär­le­riň zäh­met ýo­ly, ola­ryň döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­ti­k ösüş ýo­lu­na bo­lan ga­raý­şy bi­len tan­şyp, işe­wür we şah­sy hä­si­ýet­le­ri­ni düýp­li ara alyp mas­la­hat­la­şan­la­ryn­dan soň, ola­ry gol­da­dy­lar.

Saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky hä­zir­ki möw­sü­miň kes­git­leý­ji ýö­rel­ge­le­ri, äh­li ozal­ky­lar­da bol­şy ýa­ly, giň bäs­deş­lik, aý­dyň­lyk we açyk­lyk bo­lup, bu­lar jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da de­mok­ra­tik ka­da­la­ryň ber­ka­rar bol­ma­gy­nyň mi­ze­mez şert­le­ri­dir. Par­la­men­tiň de­pu­ta­ty, ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň, şeý­le hem ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­ki­li bol­mak hu­ku­gy­na wa­tan­daş­la­ry­my­zyň hor­ma­tyn­dan we yna­myn­dan peý­da­lan­ýan türk­men hal­ky­my­zyň my­na­syp we­kil­le­ri bäs­leş­ýär­ler.

De­giş­li saý­law to­par­la­ryn­da bel­li­ge al­nan­dan soň, da­laş­gär­le­riň sa­na­wy met­bu­gat­da çap edi­ler. Soň­ra äh­li da­laş­gär­le­re hem-de ola­ryň yna­ny­lan adam­la­ry­na wa­gyz iş­le­ri we saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­lar üçin, şol san­da saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky ýyg­nak­lar­da, iş mas­la­hat­la­ryn­da, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­dä­ki çy­kyş­lar­da deň müm­kin­çi­lik­ler ber­ler.

Saý­law­çy­la­ra hö­dür­le­nen da­laş­gär­le­ri er­kin we hem­me­ta­rap­la­ýyn ara alyp mas­la­hat­laş­mak hu­ku­gy be­ril­ýär. Mu­nuň özi saý­law­çy­la­ra her da­laş­gä­riň işe­wür we şah­sy hä­si­ýet­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

25-nji mart­da ge­çir­mek bel­le­ni­len saý­law­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça we ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da ýaý­baň­la­nan hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň bi­ra­gyz­dan gol­da­wy­na eýe bo­lan de­mok­ra­tik we ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­ler ýo­lu­na türk­me­nis­tan­ly­la­ryň yg­rar­ly­dy­gy­ny be­ýan et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Mil­li syn­çy­lar, şeý­le hem dür­li hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýö­ri­te ça­gy­ry­lan we­kil­le­ri saý­la­wlaryň öň ýa­nyn­da­ky iş­le­riň bar­şy­na syn et­me­gi ama­la aşy­rar­lar.

Öň­de bol­jak saý­law­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri do­wam ed­ýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter