Mobaşar Jawed Akbar: TOPH gaz geçirijisi hindi ykdysadyýeti üçin hem möhüm taslama bolup durýar | TDH
Syýasat habarlary

Mobaşar Jawed Akbar: TOPH gaz geçirijisi hindi ykdysadyýeti üçin hem möhüm taslama bolup durýar

опубликованно 23.02.2018 // 1363 - просмотров
 

TOPH gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edip, Hindistanyň daşary syýasat edarasynyň baştutany Mobaşar Jawed Akbar şeýle taryhy pursatlarda Türkmenistanda bolmaga şatdygyny belledi. Türkmen we hindi halklarynyň dostlugy we hyzmatdaşlygy müňýyllyklardan gözbaş alýar diýip, Hindistan Respublikasynyň DIM-niň baştutany aýtdy we asyrlaryň dowamynda emele gelen bu gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin möhüm binýat bolup durýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Hindistanyň wekili öz ýurdunda görnükli türkmen serkerdesi Baýramhan Türkmeniň ogly Abdyrahym hanyň kümmetiniň ýerleşýändigini ýatlatdy. Jenap Mobaşar Jawed Akbar Baýramhan Türkmeniň beýik işleri barada aýdyp, öz baýlygyny paýlaşmaga we asylly işlere ruhlandyrmaga ukyply adamyň belent mertebesini wasp edýän goşgy setirlerini getirdi we olary türkmen Lideri - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Türkmenistanyň eýe bolan baýlyklaryndan peýdalanmaga gönükdirilen häzirki başlangyçlary bilen baglanyşdyrdy. Hindistanyň daşary işler döwlet ministri bu pikiri: “Bilimler wagtyň geçmegi bilen ösýär, rowaçlygy paýlaşsaň, ol köpelýär” diýen meşhur nakyl bilen berkitdi.

Jenap Mobaşar Jawed Akbar Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan taslamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň durmuşa geçirilmeginiň umumy maksadyň nyşany bolup durýandygyny, geljege uly umyt bilen garamaga mümkinçilik berýändigini belledi. Ýokary wezipeli myhman TOPH-nyň durmuş babatdaky ähmiýetini belläp, transmilli energoköprüsiniň gurulmagynyň sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ep-esli gowulandyrmaga ýardam etjekdigini, onuň mundan beýläk-de okgunly ösmegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady. Çünki, gaz diňe bir energiýa bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol ösüşdir. TOPH gaz geçirijisi hindi ykdysadyýeti üçin hem möhüm taslama bolup durýar. Ol diňe bir ýurtlary birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde bar bolan beýleki mümkinçilikleri nazara almak bilen, täze şertleri hem döredýär. Şeýlelikde,TOPH – bu taryhyň täze sahypasydyr diýip, jenap Mobaşar Jawed Akbar nygtady.

Dostlukly ýurduň daşary işler döwlet ministri türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, dürli ulgamlarda, aýratyn hem IT tehnologiýalar ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljeginiň uludygyny nygtady. Hindistan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatyny goldaýar. Şol syýasatyň üstünlikli syýasata geçirilmegi bolsa TOPH taslamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna mümkinçilik berdi diýip, ýokary wezipeli myhman belledi.

Çykyşynyň ahyrynda jenap Mobaşar Jawed Akbar türkmen Lideriniň Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde gadymy däp-dessurlaryň gaýtadan dikeldilmegi bolup durýandygy baradaky sözlerini getirdi. Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy hem onuň dowamyna öwrüler. Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi bilen hemmeleri gutlap, bu ägirt uly taslama gatnaşýan ýurtlaryň halklaryna ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter