Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 28.06.2015 // 948 - просмотров
 

Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagt baradaky arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.

Musulman ymmatynyň belleýän bu mukaddes aýy belent ruhyýetiň nyşany, rehimdarlyga we sabyrlylyga, dine uýmaklyga we ynsanperwerlige çagyrýan hoşniýetli dinimiziň many-mazmunynyň beýany bolup durýar. halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde hemmelere üstünlikleri, agzybirligi, howpsuzlygy we durnuklylygy rowaç eýlemegini, ekstremizmiň we gapma-garşylyklaryň islendik ýüze çykmalarynyň döremezligini Beýik Alladan dileýärin.

Size bu mukaddes aýy ýene uzak ýyllaryň dowamynda garşylamagy, türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda geljekde hem täze üstünliklere we ösüşlere guwanmagy arzuw edýärin.

***

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň hem-de halkynyň adyndan we öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Oraza aýy mynasybetli mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary şatlyk bilen beýan edýärin.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagt, türkmen halkyna parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, bolçulyk we asudalyk dileýärin.

Pursatdan peýdalanyp, biziň halklarymyň we ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen dostlukly we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýandygymyzy bellemek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter