Şermet Permanow grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi | TDH
Sport

Şermet Permanow grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

опубликованно 27.02.2018 // 1498 - просмотров
 

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde grek-rim we erkin göreş boýunça badalga alan Aziýa çempionatynyň birinji güni grek-rim usuly boýunça 77 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen pälwany Şermet Permanow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sport göreşi boýunça ýurdumyzyň türgenleriniň 7 medal gazanmagy milli mekdebiň mümkinçilikleriniň uludygyna şaýatlyk edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter