Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

опубликованно 28.06.2015 // 945 - просмотров
 

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary döwletlerden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna milli Liderimiziň doglan güni mynasybetli gutlag hatlary we telegrammalar gelýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary hatlarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň we taryhy ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginler bilen durmuşa geçirilýändigini belleýärler. Döwlet Baştutanymyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty eziz Watanymyz Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiziň tutuş dünýäde abraýynyň artmagyna ýardam edýär. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa mähirli we tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen A.Nurberdiýewa gutlady.

Milli Liderimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow mähirli we tüýs ýürekden gutladylar.

Milli Liderimize Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter