“Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy | TDH
Ykdysadyýet

“Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy

опубликованно 28.02.2018 // 880 - просмотров
 

“Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy. Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze neşiriň esaslandyryjysy bolup durýar.

Döwürleýin neşirde belli türkmen alymlarynyň, şeýle hem ýaş hünärmenleriň ylmy-nazaryýet, syn-seljerme hem-de habar-öwreniş makalalary çap edildi. Olarda häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri gozgalýar.

“Ýetilen belent sepgitler, öňde durýan wezipeler” diýen makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet strategiýasynyň möhümdigi barada gürrüň berilýär. Makalada ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüş depginleri barada aýdyň düşünje berýän esasy makroykdysady görkezijiler getirilýär. Durmuşa geçirilýän milli, döwlet, pudaklaýyn, maksatlaýyn we sebit maksatnamalaryna aýratyn üns berilýär. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda olara amala aşyrmagyň çäklerinde muňlerçe desgalar we binalar ulanmaga berildi, olaryň hatarynda önümçilik, durmuş we inženerçilik infrastrukturasynyň desgalary bar.

Makalada 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Bu resminamada esasy makroykdysady maksatlar, wezipeler, baş ýörelgeler hem-de ýakyn ýedi ýylda ýurdumyzyň ösüşiniň garaşylýan netijeleri bellenildi, şeýle hem esasy çäreleriň topary, hususan-da, ykdysady institutlary we döwlet tarapyndan kadalaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler kesgitlendi. Bellenilen ähli giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzy depginli ösdürmäge mümkinçilik berer.

Milli Liderimiziň maliýe ykdysady syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan jar edilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyna aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen bu resminama ykdysady, durmuş we ekologiýa ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy maksatlaryň ulgamy bolup durýar. Makalada Türkmenistanyň DÖM-niň ähli wezipeleri boýunça, hususan-da, halkymyzyň durmuş derejesini, bilim, saglygy goraýyş, ykdysady işjeňlik, gender deňligini, ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek babatda uly ösüşi gazanýandygy anyk mysallarda görkezilýär.

Bu mesele nobatdaky makalada hem beýan edilip, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň strategiýasynyň esasynda ählumumy howpsuzlygyň doly döwrebaplaşdyrylan we aýdyň konsepsiýasy, bitewüligiň hem-de DÖM-ni üstünlikli amala aşyrmagyň bähbidine häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge garaýyşlaryň özara uýgunlaşmasy goýuldy. Bellenilişi ýaly, bu ulgam milli we umumadamzat gymmatlyklaryny hem-de halkyň bähbitlerini sazlaşdyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäni berjaý etmek, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny peýdalanmak ýörelgesine esaslanýar.

Neşirde ýurdumyzyň halkara giňişliginde goşýan goşandy, üstünlikli durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň energetika, ulag, ekologiýa howpsuzlygy boýunça döredijilikli başlangyçlary, durmuş, ylym-tehnologik, bilim ulgamlaryny ösdürmek meseleleri barada makalalaryň bardygyny bellemek gerek.

Okyjylar Döwlet býujeti, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek baradaky maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň bank ulgamynyň ösüşi hakynda synlar bilen tanşyp bilerler.

Bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde ätiýaçlandyryş tutuş hojalyk guralynyň möhüm bölegine öwrülýär. Ykdysadyýetiň okgunly ösmegini üpjün etmek, edara görnüşli we şahsy taraplaryň bähbitlerini töwekgelçiliklerden goramagyň täsirli guralyny döretmek maksady bilen Türkmenistanda bu ugurda döwlet kadalaşdyrmak usullaryny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu meselä bagyşlanan makalada onuň awtory ätiýaçlandyrmanyň hukuk esaslary bilen bagly bolan meseleleri jikme-jik beýan edýär.

Umuman, täze neşirde çap edilen makalalar milli ykdysady syýasatyň kanunalaýyklygyny hem-de meýillerini, olaryň döwlet kadalaşdyryş we dolandyryş wezipeleri bilen özara baglanyşygyny öwrenýän okyjylarda, şol sanda seljerme geçirijilerde, şeýle hem ykdysady hem-de jemgyýetçilik ylymlarynyň ähli ugurlarynyň ýaş hünärmenlerinde, alymlarynda uly gyzyklanma döreder.

“Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde çap edildi hem-de neşir etmek usulynyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter