Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 27.06.2015 // 899 - просмотров
 

Hasan Ruhani,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi Beýik Biribaryň bereket eçilýän aýy, rehimdarlyga we parahatçylyga, dostluga we doganlyga çagyryş bolup durýan mukaddes Oraza aýy bilen mähirli gutlaýaryn.

Bu rehnetli aýda biziň yslamyň belent ýörelgelerine laýyklykda musulman ymmatynyň arasynda agzybirligiň we rehimdarlygyň berkemeginiň, howpsuzlygyň we rahatlygyň pugtalanmagynyň şaýady boljakdygymyza umyt edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyklary dileg edýärin.

***

Iki mukaddesligiň hyzmatkäri,
Salman Ben Abdel Aziz Al Saud,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy:

Onuň Alyhezreti,
meniň doganym Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna öz adymdan, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan iň oňat doganlyk gutlaglarymy we tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ibermek mümkinçiligine şatdyryn.

Bu rowaç aýda Siziň Alyhezretiňize saglyk we bagt, ähli doga-dilegleriňiziň kabul bolmagyny, ähli musulman ymmatyna abadançylyk eçilmegini Beýik Biribardan dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

***

Abdel Fatah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Alladan Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna rowaçlyk we abadançylyk dileg edýärin.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter