5-16-njy martda Awazada “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahaty geçirler | TDH
Jemgyýet

5-16-njy martda Awazada “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahaty geçirler

опубликованно 01.03.2018 // 845 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we hazarýaka döwletleriniň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 5-16-njy marty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Ummanlar instituty bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahatyny geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna okuw maslahatyny talaba laýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter