Birnäçe döwletler bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlarynyň düzümi tassyklanyldy | TDH
Syýasat habarlary

Birnäçe döwletler bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlarynyň düzümi tassyklanyldy

опубликованно 01.03.2018 // 1201 - просмотров
 

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda –ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter