Türkmen bilýardçysy Annamämmet Annamämmedow bilýard boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi | TDH
Sport

Türkmen bilýardçysy Annamämmet Annamämmedow bilýard boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi

опубликованно 02.03.2018 // 1283 - просмотров
 

Dün­ýä Ku­bo­gy ug­run­da­ky Mosk­wa­da (Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy) ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da «Er­kin pi­ra­mi­da» gör­nü­şi bo­ýun­ça il­de­şi­miz An­na­mäm­met An­na­mäm­me­dow bü­rünç me­da­la eýe bol­dy.

Do­wam­ly köp aý­law­ly ýa­ryş­la­ryň bar­şyn­da türk­men tür­ge­ni bäs­deş­le­rin­den yzy­gi­der­li üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. 1/16 fi­nal­da onuň bäs­de­şi hök­mün­de uk­rain bil­ýard­çy­sy çy­kyş et­di, şun­da A. An­na­mäm­me­dow 6:4 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Se­kiz­den bir fi­nal­da ol şeý­le ha­sap bi­len rus­si­ýa­ly bäs­de­şin­den üs­tün çyk­dy.

Be­la­rus tür­ge­ni D.Ko­lo­sow bi­len ge­çi­ri­len çär­ýek fi­nal du­şu­şy­gy çe­ke­le­şik­li bol­dy. Şun­da hem türk­men bil­ýard­çy­sy 6:5 ha­sa­byn­da ýeň­di.

Ýa­rym fi­nal du­şu­şyk­da türk­me­nis­tan­ly tür­gen rus­si­ýa­ly M.Koç­kin­den fi­na­la çyk­ma­ga bir ädim ga­lan­da as­gyn gel­di, em­ma şeý­le ab­raý­ly ýa­ryş­da üçün­ji or­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy.

An­na­mäm­met An­na­mäm­me­do­wyň tej­ri­be­li bil­ýard­çy­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek, ol paýtagtymyzda ge­çi­ri­len “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ryn­da ta­pa­wut­la­nyp, al­tyn we bü­rünç me­dal­la­ra my­na­syp bo­lup­dy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter