Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjanly kärdeşine Baku şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjanly kärdeşine Baku şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi

опубликованно 05.03.2018 // 1242 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewe Baku şäheriniň Hatain etrabyndaky Respublikan narkologik merkezinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Beýik Biribardan sabyr-takat diläp, ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter