Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Synçylar toparynyň başlygy Wiktor Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Synçylar toparynyň başlygy Wiktor Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi

опубликованно 07.03.2018 // 1155 - просмотров
 

Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşyk geçirildi, ol Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine GDA-dan Synçylar toparyna baştutanlyk edýär.

Duşuşygyň barşynda GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Myhman oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijeli häsiýetini nygtap, bu Toparyň alyp barýan işleriniň ugurlary, onuň işiniň guralyşy barada habar berdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylar şu günler monitoring geçirip, Aşgabat şäheriniň saýlaw okruglarynyň birnäçesinde okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Synçylaryň bu Toparyň dolandyryş merkeziniň nobatdaky habarlarynda beýan edilen pikirine görä, okruglarda saýlaw toparlaryna işlemek üçin ähli zerur şertler döredilipdir, olar işlemek üçin otaglar, häzirkizaman aragatnaşyk enjamlary, hukuk we usulyýet edebiýaty bilen üpjün edilipdir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter