Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine Siriýada An-26 kysymly uçaryň heläkçilige uçrandygy zerarly gynanç hatyny iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine Siriýada An-26 kysymly uçaryň heläkçilige uçrandygy zerarly gynanç hatyny iberdi

опубликованно 09.03.2018 // 1317 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Siriýada An-26 kysymly uçaryň heläkçilige uçrandygy hem-de köp sanly adam pidalaryna getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz bu pajyga barada çuňňur hasrat bilen eşidip, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Russiýanyň ähli halkyna ýürekden gynanjyny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter