Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 29.05.2015 // 919 - просмотров
 

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Abdul Maligi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim.

Jenap Abdul Maligiň ýokary adamçylyk häsiýetleri onuň özüne ynanylan ýokary jogapkärçilikli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna laýyklykda ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda ony mähirli kabul etmegňizi we onuň Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan aýtjak zatlaryna, aýratyn-da meniň Siziň Alyhezretiňize uly hormat goýýandygym, Türkmenistana tüýs ýürekden dostluk we abadançylyk arzuw edýändigim baradaky sözleri ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Dostluk arzuwlary bilen,
Mamnun Huseýn,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter