AFK-nyň Kubogynyň “D” toparynyň ikinji oýunlary tamamlandy | TDH
Sport

AFK-nyň Kubogynyň “D” toparynyň ikinji oýunlary tamamlandy

опубликованно 14.03.2018 // 1193 - просмотров
 

Şu gün Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň çäklerinde Aşgabadyň “Altyn Asyr” futbol kluby bilen Täjigistanyň “Istiklol” topary duşuşdy.

“D” toparyň öňdebaryjylarynyň ýaryşy Balkanabadyň stadionyna futbol janköýerleriniň köp sanlysyny ýygnady. “Altyn Asyryň” birnäçe hüjümlerine garamazdan, oýnuň birinji ýarymynda hasap açylmady.

Bäsleşigiň 50-nji minutynda “Istiklolyň” hüjümçisi biziň goragçylarymyzyň ýalňyşyndan peýdalanyp, hasaby açdy. Şondan 9 minut geçenden soň ýaryşyň emini “Altyn Asyryň” derwezesine jerime urgyny yglan etdi. Garşydaşlar bu mümkinçiligi netijeli peýdalandylar.
Şondan soň biziň toparymyzyň futbolçylary oýny has-da ýiti dowam etdiler. 90-njy minutda Myrat Ýagşyýew garşydaşlaryň derwezesine uzak aralykdan pökgini geçirmegi başardy. Esasy wagta goşulan üç minutyň dowamynda burçdan depilen pökgini Atamyrat Annadurdyýew derwezä gönükdirmegi başardy.

“Altyn Asyr” topary ýeňiş gazanmak maksady bilen ähli ukybyny, başarnygyny görkezdi we oýny deňlemegi başardy. Deňme-deň oýun türkmen futbolçylaryna utuk sany boýunça toparyň öňdebaryjylarynyň arasynda galmaga we geljekki üstünlige ýol açmaga mümkinçilik berdi.

Ikinji bäsleşigiň jemleri boýunça “Altyn Asyr we “Istiklol” toparlarynyň her biri 4 utuk eýeläp, öňde barýarlar. “Ahal” olardan bir utuk yza galýar. Oşuň “Alaý” topary yzky orna düşdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter