Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 26.05.2015 // 853 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ejesi Ýekaterina Trofimowna Lukaşenkonyň aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

“Şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk we mertlik dileýärin” diýlip, gynanç hatynda aýdylýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň maşgalasyna we dogan-garyndaşlaryna gynanjyny hem-de ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter