Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Syýasat habarlary

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 15.03.2018 // 1187 - просмотров
 

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça Saud Arabystany Patyşalygynyň Ösüş gaznasynyň beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, ýollan hatyňyzy uly buýsanç bilen kabul etdim.

Siziň Alyhezretiňiziň hatda beýan eden doganlyk duýgularyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin we doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk halkyňyza bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Iki mukaddesligiň Hyzmatkäri

Salman ben Abdel Aziz Al Saud,
Saud Arabystanynyň Patyşasy

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter