Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

опубликованно 24.05.2015 // 871 - просмотров
 

Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglary iberenler Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň durmuşynda täze sahypanyň açylýandygy, onuň möhüm halkara syýasy, işewürlik, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan iri möçberli işlerinde üstünlikler arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan milli Liderimizi şanly sene bilen A.Nurberdiýewa gutlady.

Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.

Milli Liderimizi şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary A. Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M. Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutladylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter