Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de maslahata gatnaşyjylara gutlag iberdi

опубликованно 17.03.2018 // 871 - просмотров
 

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň şanly 10 ýyllyk senesi, şeýle hem Senagatçylaryň we telekeçileriň sergisiniň hem-de TSBT-niň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen gutlaýaryn--diýlip döwlet baştutanynyň pudaklaýyn foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda aýdylýar.

Bu şanly senäniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan ýylda bellenilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki türkmen topragynyň şan-şöhrata beslenmeginde gadymy türkmen täjirleriniň, telekeçileriniň hyzmaty örän uludyr.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny ýokarlandyrmakda, telekeçilige ýakyndan ýardam bermekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Häzirki döwürde ýetilen belent sepgitler we uly üstünlikler ýurdumyzda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli artdyrmaga we halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga giň ýol açýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine goldaw bermek baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli senagat önümleriniň giň görnüşlerini öndürýän döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup, işe girizilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işewürlerimiz önümçilik ulgamyny ösdürmekde, esasan hem ýerli çig maly we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen, döwrebap kärhanalary, şol sanda maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhanalary gurup, önümçilik binýadyny güýçlendirmegiň hötdesinden geldiler. Olar azyk we halkyň sarp edýän harytlarynyň, mebel, haly önümleriniň, ýuwujy serişdeleriň, plastmas, polietilen önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň, öý hojalyk tehnikalarynyň, şeýle hem täze pudak bolan elektron we elektrotehniki harytlaryň hem-de beýleki daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýup, içerki bazarlary öz harytlarymyz bilen üpjün etdiler.

Türkmen telekeçileriniň öndürýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümlerine daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berýär.

Gurluşyk pudagynda toplanan tejribeleriň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylmagy türkmen telekeçileriniň has uly taslamalar boýunça hem öz ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berdi. Paýtagtymyzda hem-de gözel Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bina edilen durmuş ähmiýetli desgalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde gurluşyk ulgamynda türkmen işewürleriniň hünär derejesiniň ýyl-ýyldan ýokarlanmagy olara diňe bir içerki bazarda uly möçberli gurluşyklary üstünlikli ýerine ýetirmäge däl, eýsem, gurluşyk hyzmatlarynyň daşary ýurtlara eksportyny ýokarlandyrmaga hem uly itergi berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu sergisiniň hem-de TSTB-niň agzalarynyň maslahatynyň türkmen telekeçiligini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, toplanan tejribeleri durmuşa ornaşdyrmak işlerinde uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn—diýlip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagynda nygtalýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter