Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

опубликованно 08.05.2015 // 936 - просмотров
 

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan köp sanly gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda eziz Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny şirin janlaryny gurban edip goran türkmenistanly esgerleriň edermenligi hakynda ýatlamalar minnetdar nesilleriň kalplarynda hemişelik ýaşar diýip belleýärler. Olaryň görkezen edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň we gahrymançylygynyň belent nusgasy häzirki we geljek nesiller üçin görelde bolup hyzmat eder. Gutlag hatlaryny iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uruş weteranlary we şehit bolan esgerleriň ýanýoldaşlary hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we tutuş dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegine bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Röwşen Ýeňiş baýramy bilen döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny A.Nurberdiýewa beýan etdi.

Milli Liderimizi Ýeňiş güni bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.

Milli Liderimizi şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Hormatly Prezidentimiziň adyna gutlag hatlaryny Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary A. Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M. Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler iberdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter