Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi | TDH
Prezidentiň poçtasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

опубликованно 08.05.2015 // 906 - просмотров
 

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.

1941-1945-njy ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň şu ýyl bellenilýän 70 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlamak bilen, hormatly Prezidentimiziň ýakyn egindeşleri — Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, asuda asman we döredijilikli syýasaty amala aşyrmakda täze üstünlikleri arzuw etdiler. Bu syýasat ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilendir.

Bu ýere ýygnananlar ynsanperwerlik we parahatsöýüjilik maksatlaryny asyrlarboýy wagyz edýän we goraýan türkmen halky üçin bu baýramçylygyň ähmiýetiniň aýratyndygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa XX asyryň iň ýowuz we gandöküşikli urşunda mertlerçe söweşen milli gahrymanlarymyzyň hem-de weteranlarymyzyň, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňiş üçin jan çeken zähmetkeşleriň üns we alada bilen gurşalandygy üçin watandaşlarymyzyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Olaryň her biriniň ýeňil bolmadyk durmuş ýoly bu gün däp-dessurlarymyzy we ata-babalarymyzyň wesýetlerini mynasyp dowam edýän ýaş nesiller üçin edermenligiň, watançylygyň, ene topragymyza we halkymyza söýgüniň hem-de birkemsiz gulluk etmegiň mekdebi bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, şol ýalynly ýyllarda edermenligiň we gaýduwsyzlygyň aýdyň nusgasyny görkezen, soňra bolsa parahatçylygyň we durnuklylygyň esaslaryny berkitmäge hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelere mynasyp goşant goşan urşa gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň yzygiderli aladasy bilen gurşalandyr. Urşa gatnaşanlar hem-de söweş meýdanynda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlary, agyr uruş ýyllarynyň jebrini çekenler bu gün mümkin bolan ähli ýeňilliklerden peýdalanýarlar, olara ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda kömek berilýär, aýratyn ýeňillikler berilýär, her ýyl baýramçylygyň öň ýanynda dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, wagt bizi geçen ýyllaryň şol wakalaryndan näçe uzaklaşdyrsa-da, adamzadyň taryhyndaky elhenç uruşlaryň birinde millionlarça adamlaryň gan dökmegi bilen ajaýyp gazanylan Beýik Ýeňiş hakyndaky hakydanyň häzirki we geljek nesiller üçin hem-de mähriban topragymyzyň merdana goragçylarynyň gahrymançylygynyň we edermenliginiň nusgasy hökmünde zerurdygyny belledi.

Şu günler türkmenistanlylar öz gahrymanlaryna baş egmegiň gadymdan gelýän milli däplerine eýermek bilen, watandaşlarymyzyň—ikinji jahan urşunda beýleki halklar bilen egin-egne berip söweşen hem-de öz janlaryny ýer ýüzünde parahatçylygyň we asudalygyň hatyrasyna pida eden edermen esgerleriň hormatyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýýarlar. Biz güýjüni gaýgyrman, tylda zähmet çekip uzak garaşdyran Ýeňşi ýakynlaşdyran adamlary çuňňur hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýarys diýip, milli Liderimiz nygtady. Türkmenistanyň ähli ilata ýowuz uruş ýyllarynda ruhdan düşmän, gije-gündiz diýmän, nurana geljege bolan ynam bilen tutanýerli zähmet çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny röwşen baýramçylyk bilen gutlap, döwletimiziň geljekde hem edermen uruş we zähmet weteranlary hem-de mukaddes ojaklaryna wepaly bolup galan kümüş saçly enelerimiz hakynda hemmetaraplaýyn alada etjekdigini aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter