Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 25.03.2018 // 1202 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleri Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynyň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

* * *

Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara agyr atletika federasiýasy bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry — 10-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Halkara agyr atletika federasiýasy bilen ylalaşyp, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Düzgünnamany tassyklamaga borçly edildi.

* * *

Ýurdumyzda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, Olimpiýa we Aziýa oýunlarynda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda we beýleki halkara ýaryşlarda sportuň görnüşleri boýunça çykyş etjek Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini ýokary derejede taýýarlamak bilen bagly çykdajylary maliýeleşdirmek hem-de Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gaznasy döredildi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

* * *

Ýurdumyzda çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny ýokary derejede guramak hem-de olaryň dynç almaklary üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak baradaky toparyň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesli kemala getirmek hem-de “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy;

başlangyç hünär bilim hakyndaky diplomyň nusgasy;

başlangyç hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň nusgasy;

orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň nusgasy;

orta hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň nusgasy;

bakalawryň diplomynyň nusgasy;

bakalawryň tapawutlanan diplomynyň nusgasy;

magistriň diplomynyň nusgasy;

magistriň tapawutlanan diplomynyň nusgasy;

ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň diplomynyň nusgasy;

ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň tapawutlanan diplomynyň nusgasy;

hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky diplomyň nusgasy;

hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky tapawutlanan diplomyň nusgasy;

hünär derejesini ýokarlandyrandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy tassyklandy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter