Biziň raýatlarymyz daşary ýurtlarda ses bermäge gatnaşdylar | TDH
Syýasat habarlary

Biziň raýatlarymyz daşary ýurtlarda ses bermäge gatnaşdylar

опубликованно 25.03.2018 // 1073 - просмотров
 

Daşary işler ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen 39 saýlaw uçastogynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary saýlawçylaryň ses bermäge ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçdi.

Dünýäniň her bir sebitiniň ýerli wagtyna laýyklykda ir säher bilen saýlaw uçastoklarynyň hemmesi açyldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräni guraýjylar daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen ýaşlarynyň, şeýle hem saýlaw döwründe Türkmenistanyň çäginden daşarda bolýan ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny berjaý edip bilmekleri üçin ähli zerur şertleri döretdiler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň beren maglumatyna görä, daşary ýurtda saýlawçylaryň 19 müň 788-si bellige alyndy. Aşgabat wagty bilen 19-a çenli jemi 16 müň 206 saýlawçy öz seslerini berdi.

Synçylaryň baha bermegine görä, ähli saýlaw uçastoklarynyň açylan pursadyndan başlap, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan, işleýän hem-de okaýan watandaşlarymyz ýokary raýatlyk işjeňligini, jemgyýetçilik-syýasy çärä bolan jogapkärçiligini we bu işe bolan düşünjeliligini aýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter