Köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ugry bilen | TDH
Syýasat habarlary

Köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ugry bilen

опубликованно 26.03.2018 // 1203 - просмотров
 

27-nji martda, Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bu gün türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen gelýän Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda gepleşikler bolar.

Nobatdaky ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda goňşy ýurtlaryň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy, geljegi has uly hyzmatdaşlygyň düýpli ugurlaryny anyklaşdyrmagy, sebit we halkara derejeli möhüm meselelere garamagy göz öňünde tutýarlar.

24-nji martda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binýadynda köpasyrlyk dostluk ýörelgeleri we taryhy-medeni gatnaşyklar, iki tarapyň hoşniýetli erk-islegi goýlan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan erk-islegini görkezýär. Soňky wagtlarda amala aşyrylan bilelikdäki iri taslamalaryň birnäçesi, şol sanda sebit we ählumumy ulag-üstaşyr düzüminiň möhüm bölegine öwrüljek Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýolunyň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny sazlaşdyrmagyň iň bir netijeli guralyny işläp taýýarlamak maksady bilen döredilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň işi hem-de däp bolan işewürler maslahatlary we dürli sergiler Türkmenistanyň hem-de Eýranyň işewür toparlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönüden-göni hyzmat edýär.

Şu aýyň başynda türkmen paýtagtynda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine goňşy döwletde öndürilýän önümleriň giň görnüşlerini görkezen 60-dan gowrak kompaniýa gatnaşdy.

Aşgabatda häzirki ýokary derejedäki duşuşyga gabatlanyp geçiriljek türkmen-eýran işewürler maslahaty hem dostlukly ýurtlaryň döwlet we hususy düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmegine ýardam berer.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda medeni we ylmy alyşmalar ýola goýuldy, sergiler, belli sazandalaryň saparlary, türkmen hem-de eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlary guralýar. Iki ýurtda Medeniýet günleri, amaly-haşam sungatynyň sergileri, bilelikdäki beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky guralan Medeniýet günleri nobatdaky medeni çäre hökmünde dostlukly halklaryň medeniýetini mundan beýläk-de özara baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Sebit we halkara syýasatynyň ençeme meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Eýranyň netijeli özara gatnaşyklary alyp barmagyny şertlendirendigini belläp geçmek gerek. Eýran Yslam Respublikasy ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdelerini howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirilmegi hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy hakynda kabul eden Kararnamalaryny işjeň goldady.

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny ylalaşmak boýunça hem düýpli öňegidişlik gazanyldy. Bu Konwensiýa Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitinde gol çekmek göz öňünde tutulýar. Goňşy ýurtlar bu meseläniň oňyn çözgüdini tapmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, Hazaryň parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň deňzi bolmagy ugrunda çykyş edýärler.

Mahlasy, Aşgabat duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilmegi göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn resminamalar bu köpugurly we ýokary derejeli netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hyzmat eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter