Türkmenistanyň Prezidenti GDA-NYŇ Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-NYŇ Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

опубликованно 26.03.2018 // 1412 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman öz ýolbaşçylyk edýän GDA-nyň wekilçilikli synçylar toparyna iberilen çakylyk we 25-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna görlen taýýarlyk işlerine hem-de onuň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmak ugrunda döredilen şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Arkalaşygyň, GDA ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň hem-de Russiýanyň Parlament Ýygnagy Birleşiginiň, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň 90 wekilinden ybarat toparyň agzalaryna Aşgabadyň we ähli welaýatlaryň saýlaw okruglaryna baryp görmäge, saýlaw çäreleriniň taýýarlygyna hem-de onuň barşyna gözegçilik etmäge zerur mümkinçilikler döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, Sergeý Lebedew Türkmenistanda geçirilen parlament saýlawlarynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Myhman saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda hem-de hereket edýän milli kanunçylyga we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk derejede geçendigini belläp, türkmenistanlylaryň öz isleglerini erkin beýan edip bilmegi üçin zerur şertleriň döredilendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň uly ähmiýetiniň bardygyny, onuň dowamynda Mejlisiň deputatlary bilen bir hatarda, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlanandygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleri, jemgyýetde türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda baş ýörelge edinen halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkitmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz wekilçilikli synçylar toparyna hem-de GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetine netijeli gatnaşyklar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman GDA-nyň çäklerinde deňhukukly, uzakmöhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, hususan-da, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hem pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Sergeý Lebedew Bitarap Türkmenistanyň işjeň we açyklyk ýörelgesine eýerýän syýasatynyň ähmiýetini belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda dürli derejedäki çäreleri, şol sanda iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin zerur düzüm döredildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň uly üstünlige beslenmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem milli Liderimiziň teklibi boýunça 2021-nji ýyly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Binagärlik we şähergurluşyk ýyly hökmünde yglan etmek hakynda degişli resminama taýýarlanyldy. Bu teklip GDA ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, GDA assosirlenen agza bolmak bilen, Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydyr. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny taryhy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine Ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew GDA-nyň giňişligindäki ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter