Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

опубликованно 28.03.2018 // 1102 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi boldy. Onda Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly jemi jemlenildi.

Mejlisde bellenilişi ýaly, bu gezekki saýlawlar bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçip, ol Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan beýik özgertmeler ugruna ygrarlydygynyň tassyknamasyna öwrüldi.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ähli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 2 müň 604 saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi amala aşyryldy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň ses bermekleri guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda saýlaw uçastoklarynyň 39-sy açylyp, olarda şu döwürde ýurdumyzyň çäginden daşarda bolýan watandaşlarymyzyň müňlerçesi öz seslerini berdiler.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçýän döwründe saýlawçylaryň işjeňligi syýasy-jemgyýetçilik çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna bolan saýlawlarda 3 million 291 müň 525 saýlawçydan 3 million 19 müň 957-si öz seslerini berdiler. Munuň özi Türkmenistanyň ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň 91,75 göterimidir.

Şu günki mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, onuň dowamynda saýlawlaryň gutarnykly netijeleri yglan edildi. Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlaw toparlarynyň teswirnamalarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyz boýunça 284 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlygyna 125 deputat saýlandy. 3 müň 59 dalaşgärden welaýatlaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna 240-sy we etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 1200 raýat saýlanyldy. Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 13 müň 215-sinden 5 müň 900 agza saýlandy. Ähli saýlaw uçastoklarynda bir orna iki we ondan-da köp raýat dalaş etdi.

Deputatlaryň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna Demokratik partiýadan 3257, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 352, Agrar partiýadan 1358, raýatlar toparyndan bolsa 2498 adam saýlanyldy.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň sanawy tassyklandy. Hereket edýän milli kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda, olar baradaky maglumatlar ýakyn günlerde metbugatda çap ediler.

Çykyş eden paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary halkymyz tarapyndan görkezilen dürli milletleriň wekillerinden ybarat bolan halkyň saýlanan wekilleriniň bilim we hünär derejesine ýokary baha berdiler. Olaryň hatarynda döwlet edaralarynyň gullukçylary, milli ykdysadyýetimiziň senagat, bilim, ylym, medeniýet we sungat pudaklarynyň hünärmenleri, oba hojalyk işgärleri bar.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini nygtadylar.

Geçen dynç gününde erkin ýagdaýda geçen ählihalk ses bermek çäresi saýlawlaryň öňüsyrasyndaky iki aýlyk döwürde amala aşyrylan işleriň jemlenmesine öwrüldi. Saýlawlaryň ähli tapgyrlarynda durmuşa geçirilýän çärelere Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan wekilçilikli toparyň, Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Býurosynyň wekiliýetiniň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we başga-da birnäçe döwletleriň wekilleri — daşary ýurt synçylarynyň we bilermenleriniň 142-si gözegçiligi amala aşyrdylar.

Saýlaw çäreleriniň ähli tapgyrlarynyň geçişine milli synçylaryň 4 müňden gowragy gözegçilik etdi. Olaryň hatarynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň wekilleri, raýatlar toparlarynyň agzalary we dalaşgärleriň özleri bar. Olar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde hiç hili düzgün bozmasyz geçirilendigini nygtadylar.

Mejlisiň dowamynda bu ýere ýygnananlara hem-de saýlawlara gatnaşanlara, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlaw möwsüminiň maglumat taýdan netijeli üpjün edilendigi we ony guramaga jogapkärli gatnaşandyklary, döwletiň demokratik esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berendikleri üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.

Türkmenistanda häzir amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň halk häkimiýetiniň iň gowy milli däpleriniň esasynda geçýändigini bellemek bilen, mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan we bu işleriň ösdürilmegine kuwwatly itergi beren oňyn hem-de öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter