Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 29.03.2018 // 1522 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary ösüş depginini gazanmakda gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşmek we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Pudagara topary döredildi, onuň düzümi we bu topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Resminama bilen Pudagara topara “Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2018 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Şeýle hem resminamada Gurluşyk we binagärlik ministrligine bir aý möhletde:

— Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň tertibini taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

— Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Hajyýew Meýlisgeldi Çarygeldiýewiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Arabow Myrat Sapardurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter