Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

опубликованно 06.04.2015 // 955 - просмотров
 

Şu günler döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Bütindünýä saglyk güni bilen gutlaýarlar. Olaryň iberýän hatlarynda şanly seneleriň milli senenamasyna girizilen bu halkara baýramçylygynyň türkmen jemgyýetiniň sagdynlygyny, agzybirligini we jebisligini, ägirt uly döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan aýratyn dabara hökmünde giňden bellenilýändigi nygtalýar. Hatlary we telegrammalary iberenler döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli başlangyçlarynda täze uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärler.

Şanly waka bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy A.Nurberdiýewa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza mähirli gutlaglaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow iberdiler.

Milli Liderimizi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edalarynyň ýolbaşçylary ýolladylar.

Döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary A. Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M. Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler ýolladylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter