Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Kanslerine gynanç bildirdi | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Kanslerine gynanç bildirdi

опубликованно 25.03.2015 // 878 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele “A320” raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň ýurduň köp sanly raýatlarynyň pida bolmagyna getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter