Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

опубликованно 07.04.2018 // 3369 - просмотров
 

Şu gün Türk­me­nis­tan hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­lik bi­len bi­le­lik­de ähl­i halk­la­ryň baý­ram­çy­ly­gy bo­lan Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­ni giň­den da­ba­ra­lan­dyr­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lan bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş gu­ral­dy we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly adamlaryň müňlerçesini özün­de jem­le­ýän hem-de tu­tuş ýur­du­my­zy gur­şap alan köp san­ly sport çä­re­le­ri ge­çi­ril­di.

Şu gün, ýaz pas­ly­nyň aja­ýyp pur­sa­dyn­da mil­li se­ne­na­ma­my­zyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len we dä­be öw­rü­len Sag­lyk ýo­lu­na çyk­mak çä­re­si, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar, sa­gal­dyş, me­de­ni çä­re­ler gu­ral­dy. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow gat­naş­dy.

“Bu çä­re­le­riň giň ge­rim­de ge­çi­ril­me­gi, aý­ra­tyn hem Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ga­dy­my Amul­dan ba­dal­ga ber­len yl­gaw we we­lo­si­ped ýa­ryş­la­ry­nyň üs­tün­lik­li do­wam et­me­gi aja­ýyp za­ma­na­my­zyň ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ru­hu­ny art­dyr­ýar. Il-gü­nü­mi­ze şat­lyk­ly joş­gun paý­la­ýan bu wa­ka­lar ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap be­dew ba­dy bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­my­za buý­san­jy­my­zy has-da art­dyr­ýar” diý­lip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li wa­tan­daş­la­ry­my­za ibe­ren Gut­la­gyn­da bel­le­nil­ýär.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gö­nü­den-gö­ni gat­naş­ma­gyn­da hem-de baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Onuň ne­ti­je­sin­de yn­san öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, sag­dyn­ dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek mak­sa­dy bi­len paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da iň hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar, Türk­me­nis­tan­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­ri peý­da­lan­mak ar­ka­ly der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar işe gi­ri­zil­di.

Döw­le­ti­miz hä­zir­ki za­man sport-sa­gal­dyş des­ga­la­ry­nyň, bu ul­gam­da bar bo­lan hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na uly möç­ber­li ma­ýa se­riş­de­le­ri­ni gö­nük­dir­ýär. Aş­ga­bat­da tä­sin Olim­pi­ýa şä­her­çe­si bi­na edil­di, bu ýer­de 2017-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ägirt uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ril­di.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da Hal­ka­ra olim­pi­ýa ko­mi­te­ti we sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da spor­tuň köp gör­nüş­le­ri, şol san­da aw­to­mo­bil spor­ty, hok­keý, fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak, suw gör­nüş­le­ri ös­dü­ril­ýär.

Sag­lyk ýo­ly hem sport ul­ga­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny bo­lup dur­ýar. Bu tä­sin py­ýa­da ýo­ly Kö­pet­da­gyň ete­gin­de gur­lup, aş­ga­bat­ly­la­ryň we paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­nyň iş­jeň dynç al­ýan kün­je­gi­ne, iri köp­çü­lik­le­ýin-sport çä­re­le­ri­niň, oza­ly bi­len şan­ly wa­ka­lar my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan kün­je­gi­ne öw­rül­di. Şu gün hem bu ýer­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Ir sä­her bi­len Sag­lyk ýo­lu­nyň ýa­ky­nyn­da, paý­tag­ty­my­zyň Çan­dy­bil we Kö­pet­dag şa­ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň baş­lan­ýan ýe­ri­ne ýur­du­my­zyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry ýyg­nan­dy­lar. 15 ki­lo­metr­lik men­zi­liň baş­lan­gy­jyn­da sport ly­ba­sy­ny geý­nen ta­lyp­lar, hü­när­ment okuw mek­dep­le­ri­niň, sport mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry, köp san­ly zäh­met­keş­ler to­par­la­ry­nyň, paý­tag­ty­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri ha­ta­ra dü­zül­di­ler.

Ba­har şe­ma­ly­na Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy buý­sanç­ly pa­syr­da­ýar. Tür­gen­le­riň gör­kez­me çy­kyş­la­ry, joş­gun­ly aý­dym-saz­la­ryň owa­zy da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň baý­ram­çy­lyk ru­hu­ny gö­ter­ýär. Äh­li ýer­de şat­lyk-şow­hun al-as­ma­na gal­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di. Mil­li ly­bas­ly gyz­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za gül des­se­le­ri­ni gow­şur­dy­lar.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň köp san­ly ta­rap­dar­la­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy mä­hir­li gar­şy­la­dylar. Olar mil­li Li­de­ri­mi­ze Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­ky­şy bi­len açyl­dy.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň baş­tu­tan­la­ry bi­len gür­rüň­deş­lik­de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän mö­hüm wa­ka­la­ra iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Ine, bu gün Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni äh­li ýer­de giň­den we da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­nil­ýär, bu baý­ram­çy­ly­ga bagyşlanyp dür­li gör­nüş­li köp san­ly sport ýa­ryş­la­ry we beý­le­ki çä­re­ler gu­ral­ýar. Ola­ryň esa­sy­ny adam hak­da­ky ala­da, ila­tyň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­ler düz­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz bu çä­re­le­riň äh­li­si­niň be­den­ter­bi­ýe we köp­çü­lik­le­ýin sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni hem-de spor­ty ös­dür­mä­ge, zy­ýan­ly en­dik­le­riň ara­dan aý­ryl­ma­gy­na, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn nes­liň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.

Bi­ziň baş mak­sa­dy­myz hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we pug­ta­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Öz no­ba­tyn­da, da­şa­ry ýurt­ly dip­lo­mat­lar iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry, äh­li ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin Türk­me­nis­tan­da dö­re­dil­ýän şert­le­re çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä­niň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş, özü­niň borç­na­ma­la­ry­ny üýt­gew­siz ber­jaý ed­ýän döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­tan bi­len ýa­kyn işe­wür­lik hem-de yn­san­per­wer­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri tas­syk­la­nyl­dy.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sport we­lo­si­pe­di­ne mü­nüp, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe ba­dal­ga ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy dü­züm­le­ri­niň ha­tar­la­ry, paý­tag­ty­myz­da­ky ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry ýö­ri­şe baş­la­dy­lar. We­lo­si­ped­li ýö­ri­şi dür­li pu­dak­la­ryň, eda­ra­la­ryň we kär­ha­na­la­ryň zäh­met­keş­ler to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri do­wam et­di­ler. Ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­lar aý­ra­tyn to­par­lar­dan yba­rat bo­lup, olar de­giş­li sport ly­bas­la­ry­ny ge­ýin­di­ler.

We­lo­si­ped­li ýö­riş dür­li gör­nüş­dä­ki dur­muş, sport we eko­lo­gi­ýa ýö­rel­ge­le­ri­ne gol­daw ber­mek mak­sa­dy bi­len, köp ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän jem­gy­ýet­çi­lik äh­mi­ýet­li meş­hur çä­re­dir. Türk­me­nis­tan­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi gu­ra­mak asyl­ly dä­be öw­rü­lip, ol şä­her­le­riň we oba­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry­ny, ýa­şu­lu­la­ry we ýaş­la­ry özün­de jem­le­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň şeý­le çä­re­le­re gat­naş­ma­gy bu wa­ka­nyň äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, mil­le­tiň sag­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li ýö­rel­ge­le­riň de­re­je­si­ni äş­gär ed­ýär we be­den, ru­hy we ah­lak taý­dan sag­dyn­ly­gyň top­lum­la­ýyn mil­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek mak­sat­na­ma­sy­nyň ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

...Paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp şa­ýol­la­ry bo­ýun­ça ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­la­ryň ha­tar­la­ry örän aja­ýyp gör­nü­şi eme­le ge­tir­di, kö­çe­le­riň ugur­la­ryn­da bi­na edi­len ak mer­mer­li aja­ýyp bi­na­lar öz öwüş­gin­le­ri bi­len hem-de öz­bo­luş­ly al­tyn öwüş­gin­li be­zeg­le­ri bi­len bu çä­rä üýt­ge­şik äh­mi­ýet ber­ýär. Giň şa­ýol­lar özü­niň baý­ram­çy­lyk be­zeg­le­ri bi­len aş­ga­bat­ly­la­ryň öz şä­he­ri­ne nä­hi­li ala­da hem-de söý­gi bi­len ga­ra­ýan­dyk­la­ry­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Bu­lar bol­sa ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­la­ryň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny has-da be­len­de gö­ter­di.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hä­zir­ki za­man sport top­lum­la­ry, kö­pu­gur­ly sta­dion­lar paý­tag­ty­my­zyň bi­na­gär­lik keş­bi­ne saz­la­şyk­ly ut­ga­şyp, adam­la­ryň ýy­gy-ýy­gy­dan gel­ýän ýer­le­ri­ne öw­rül­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de bu des­ga­lar­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ta­rap­dar­la­ry spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Bu­la­ryň äh­li­si mil­li Li­de­ri­mi­ziň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň ala­mat­la­ry­dyr.

Türk­me­nis­tan sport ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­ýär. Ýur­du­myz­da on­lar­ça döw­let­ler­den tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gyn­da gu­ral­ýan iri ýa­ryş­lar yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugur­da dur­mu­şa ge­çir­ýän sy­ýa­sa­ty özü­niň anyk ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär hem-de türk­men spor­ty hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ýar.

Ýö­ri­şiň ge­çi­ril­ýän ug­ry bo­ýun­ça est­ra­da aý­dym­çy­la­ry we folk­lor to­par­la­ry aý­dym­lar we tans­lar bi­len çy­kyş ed­ýär­ler. Ola­ryň ha­ta­ryn­da “Mi­ras”, “Ser­paý”, “Näz­li”, “La­çyn”, “Meň­li” to­par­la­ry, şeý­le hem çe­per hö­wes­jeň ta­lyp­lar to­par­la­ry, ýa­şa­jyk sa­zan­da­lar we tans­çy­lar bar. Ýur­du­my­zyň dür­li sport mek­dep­le­rin­de tä­lim al­ýan­lar bu da­ba­ra my­na­sy­bet­li gör­kez­me çy­kyş­la­ry­ny taý­ýar­la­dy­lar.

Azia­da — 2017-niň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len spor­tuň 21 gör­nü­şi­niň ha­ta­ryn­da we­lo­si­ped spor­ty (trek) hem bar. Spor­tuň bu ug­ry bo­ýun­ça ýa­ryş­lar paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň des­ga­la­ry­nyň bi­rin­de – aja­ýyp ýa­pyk we­lot­rek­de ge­çi­ril­di. Onuň we­lo­si­ped ýo­da­jy­gy äh­li öl­çeg­ler bo­ýun­ça hal­ka­ra ölçeglerine we şeý­le des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýär.

Bu ýer­de iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny ge­çi­rip bo­lar. 6 müň to­ma­şa­çy orun­lyk we­lot­rek des­ga­syn­da to­ma­şa­çy­la­ryň amat­ly ýag­daý­da bäs­le­şik­le­re syn et­me­gi üçin aň­ry­baş şert­ler dö­re­di­len­dir. Des­ga­da äh­li ze­rur dü­züm­ler göz öňün­de tu­tu­lyp, ol tür­gen­ler we tä­lim­çi­ler, teh­ni­ki we hyz­mat ediş iş­gär­le­ri, we­lo­si­ped spor­tu­ny söý­ýän to­ma­şa­çy­lar üçin iň amat­ly şert­le­ri eme­le ge­tir­ýär.

Umu­man, Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryny ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Şeý­le hem bu ýer­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry taý­ýar­la­mak hem-de olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek üçin kö­pu­gur­ly bin­ýat bar.

Olim­pi­ýa sta­dio­ny Azia­da — 2017-niň açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mek üçin ägirt uly bin­ýa­da öw­rül­di. On­da ýur­du­my­zyň we hal­ky­my­zyň ta­ry­hy bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ara­bag­la­ny­şy­gy, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry we Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy­ny düz­ýän yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Mu­nuň özi pa­ra­hat­çy­lyk, gül­läp ösüş we ro­waç­lyk­dyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de sport yna­nyş­mak we öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­mak bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýet­li bö­le­gi bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­ýar.

Tür­gen­ler — pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­le­ri. Olar öz us­sat­lyk­la­ry we ba­şar­nyk­la­ry ar­ka­ly gu­ral­ýan bäsleş­ik­ler­de olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň be­lent esas­la­ry­ny tas­syk ed­ýär­ler. Bu bol­sa ýaş­la­ryň iş­jeň we dö­re­di­ji­lik­li dur­muş or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar hem-de beý­le­ki halk­la­ra bo­lan dost­luk we hor­mat goý­mak gat­na­şyk­la­ry­ny dö­red­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, “Aş­ga­bat 2017-niň” oýun­la­ry Azi­ýa­nyň we Okea­ni­ýa­nyň 64 ýur­dun­dan we­kil­le­ri hem-de Azi­ýa oýun­la­ry­na il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan bos­gun­lar to­pa­ry­ny özün­de jem­le­di. 11 gü­nüň do­wa­myn­da tür­gen­ler me­dal­lar ug­run­da­ky bäs­le­şik­le­re iş­jeň go­şul­dy­lar. Ýi­ti bäs­deş­li­ge ga­ra­maz­dan, tür­gen­ler örän gy­zyk­ly oýun­la­ry gör­kez­di­ler we jan­kö­ýer­ler­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­leri gal­dyr­dy­lar. Ýa­ryş­la­ra açyk­lyk, yna­nyş­mak, dost­luk we bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­si mah­sus bol­dy.

Bäs­le­şik­le­riň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy öňe ynam­ly he­re­ket et­di. Olar umu­my­to­par­la­ýyn bäs­le­şik­de bi­rin­ji orun­la­ry ynam­ly eýe­läp, me­dal sa­ny­ny bar­ha art­dyr­dy­lar. Türk­men tür­gen­le­ri je­mi 245 me­dal eýe­le­di­ler. Ola­ryň 89-sy al­tyn, 70-si kü­müş we 86-sy bü­rünç me­dal­lar­dyr.

Dün­ýä­niň 82 ýur­dun­dan ge­len žur­na­list­ler hem-de syn­çy­lar di­ňe bir ýa­ryş­la­ryň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da däl, eý­sem, Türk­me­nis­tan we onuň aja­ýyp paý­tag­ty ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler hem-de bi­ziň myh­man­sö­ýer we sa­hy top­ra­gy­my­zy tu­tuş dün­ýä üçin tä­ze­den aç­dy­lar.

Žur­na­list­le­riň we tür­gen­le­riň, we­ki­li­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we köp san­ly hor­mat­ly myh­man­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, Aş­ga­bat di­ňe bir Azi­ýa ýa­ryş­la­ry­ny däl, eý­sem, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny hem ge­çir­mä­ge my­na­syp şä­her. Mu­nuň üçin bu ýer­de hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän hem-de iň hä­zir­ki za­man sport dü­zü­mi­ni eme­le ge­tir­ýän äh­li şert­ler bar.

Şeý­le de­re­je­dä­ki we möç­ber­dä­ki ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek ägirt uly jo­gap­kär­çi­li­gi ta­lap ed­ýär. Türk­men paý­tag­ty bu we­zi­pe­le­re ab­raý bi­len höt­de ge­lip, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji şä­her we me­de­ni­ýet­le­riň, halk­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mer­ke­zi de­re­je­si­ni ber­jaý et­di. Tu­tuş ýur­du­myz bu şan­ly wa­ka örän taý­ýar­lyk­ly gel­di. Şeý­le­lik­de, öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ber­jaý edil­di.

“Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­dy, eý­ýäm hä­zir­ki wagt­da paý­tag­ty­myz agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mä­ge taý­ýar­lan­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow few­ral aýy­nyň aýa­gyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­na bo­lan iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly” köp­çü­lik­le­ýin ýa­ryş­la­ry­na ba­dal­ga ber­di.

...Ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­la­ryň kö­pö­wüş­gin­li ha­tar­la­ry Çan­dy­bil şa­ýo­lun­dan ge­çip, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan şa­ýo­ly bo­ýun­ça paý­tag­ty­my­zyň mer­ke­zi­ne ta­rap ýo­ly do­wam et­di­ler.

Sä­he­riň aja­ýyp ho­wa­sy, paý­tag­ty­my­zyň gö­zel gör­nü­şi we giň möç­ber­li we­lo­si­ped­li ýö­riş ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan be­ýik öz­gert­me­le­re da­hyl­ly adam­la­ryň buý­san­jy­ny art­dyr­ýar. Her bir adam dur­mu­şy­ny has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga, onuň ma­ny-maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry bi­len umu­my işiň da­ba­ra­lan­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ma­ga ça­lyş­ýar.

Şu­nuň ýa­ly sport baý­ram­çy­lyk­la­ry oňa gat­na­şy­jy­lar­da spor­tuň gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga höwes döredýär. Mun­dan bаşga-da, sport-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri, sa­gal­dyş we ter­bi­ýe­çi­lik ug­ry bi­len bir ha­tar­da, adam­lar­da oňyn dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny we ru­hy gö­te­ri­li­şi oýar­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň ta­mam­laý­jy pur­sat­la­ryn­da ýur­du­my­zyň Döw­let mün­be­ri ýer­leş­ýän baş meý­dan­ça­sy­na gel­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi ta­mam­lap, bu gün­ki ge­çi­ri­len çä­rä­niň ýur­du­myz­da sport ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ge­çen mej­lis­le­ri­niň bi­rin­de ýur­du­my­zyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi dö­re­di­len­de ýö­ri­te mu­zeý açyp, on­da türk­men spor­tu­nyň ýe­ten de­re­je­si ba­ra­da gür­rüň ber­ýän gym­mat­lyk­la­ryň go­ýul­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Ine, bu gü­nem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li özü­ne sow­gat ber­len sport we­lo­si­pe­di­ni şol mu­zeý­de goý­mak ba­ra­da wi­se-prem­ýer P.Aga­my­ra­do­wa de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

...Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar bi­len hoş­la­şyp, hem­me­le­ri Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni bi­len gut­la­dy hem-de ola­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, iş­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di we bu ýer­den ug­ra­dy.

* * *

Şu gün­ki we­lo­si­ped­li ýö­riş, yl­gaw ýa­ryş­la­ry we beý­le­ki sport hem-de baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri di­ňe bir paý­tag­ty­my­zda däl, eý­sem, äh­li we­la­ýat­lar­da ge­çi­ril­di. Be­den we ru­hy taý­dan kä­mil­leş­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­lar tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lan adam­la­ry sport meý­dan­ça­la­ryna çy­kar­dy. Di­ňe Aş­ga­bat şä­he­rin­de gu­ra­lan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe 5 mü­ňe go­laý adam gat­naş­dy.

Bu gün­ki çä­re­ler Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de do­wam et­di. Ol ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Mej­li­siň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­dy­lar we bir­nä­çe sport maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.

Hä­zir­ki dö­wür­de sport jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­di. Bü­tin­dün­ýä sport he­re­ke­ti­ne gat­naş­ýan tür­gen­le­ri­mi­ziň sa­ny we ola­ryň dür­li tur­nir­ler­de, çem­pio­nat­lar­da ga­zan­ýan me­dal­la­ry­nyň, eýe­le­ýän baý­rak­la­ry­nyň sa­ny barha art­ýar. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak, tür­gen­le­riň us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da dö­re­dil­ýän şert­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak üçin spor­ty we onuň dü­zü­mi­ni ös­dür­mä­ge ägirt uly üns ber­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.

Paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de hä­zir­ki za­man sport top­lum­la­ry, sta­dion­lar, aý­law­lar, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri gu­rul­dy. Mil­li at­çy­lyk spor­ty uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. We­la­ýat­lar­da at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gu­rul­dy we spor­tuň teh­ni­ki gör­nüş­le­ri ös­dü­ril­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re kuw­wat­ly iter­gi be­rer we bu bäs­le­şik­ler hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özü­ne çe­ker.

Hal­ka­ra ýa­ry­şa gat­naş­jak da­şa­ry ýurt­ly tür­gen­ler di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň baý mi­ra­sy bi­len ta­nyş­man, eý­sem, olar dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, yl­my-teh­ni­ki ösüş we ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň se­na­gat taý­dan ber­ki­dil­ýän ýer­ler­inde hä­zir­ki dö­wür­de gu­rul­ýan tä­ze dur­muş bi­len hem tan­şar­lar. Şeý­le hem tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm ulag çat­ry­gy hök­mün­dä­ki or­nu­nyň ber­ki­dil­ýän­di­gi­ni gö­rer­ler.

Şu gün­ki da­ba­ra­lar türk­men hal­ky­nyň we her bir ra­ýa­tyň aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny na­zar­la­ýan be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýan­dy­gy­ny has aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär et­di. Onuň baş mak­sa­dy hal­ky­my­zyň we her bir ra­ýa­tyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter