Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk

опубликованно 07.04.2018 // 1101 - просмотров
 

Şu gün Mej­lis­de ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Li Ýon Ho­nyň baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men paý­tag­ty­na ge­len Ko­re­ýa Halk-De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Myh­man­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy esasynda düýp­li öz­gert­me­ler bi­len bag­ly­lyk­da mil­li par­la­men­tiň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu baş­lan­gyç­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň häzirki ýe­ten yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň dep­gi­ni­niň has-da güýç­len­di­ril­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam ber­me­li­dir.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Mej­lis­de ka­bul edil­ýän ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry türk­men döw­le­ti­niň we jem­gy­ýe­ti­niň mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Mil­li hu­kuk ul­ga­my­ny hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da, öz ýur­du­nyň Türk­me­nis­tan bi­len dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­läp, myh­man­lar şeý­le hem par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­malydy­gy ba­ra­da­ky pi­ki­ri aýt­dy­lar.

***

Şu gün Ko­re­ýa Halk-De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ka­bul edil­di. Bu ýer­de öza­ra peý­da­ly esas­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Me­de­ni mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de myh­man­lar Aş­ga­ba­dyň iri mu­zeý­le­ri­niň gym­mat­lyk­la­ry we paý­tag­ty­my­zyň beý­le­ki aja­ýyp kün­jek­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter