Aşgabatda nemes sazandalarynyň konserti geçirildi | TDH
Medeniýet

Aşgabatda nemes sazandalarynyň konserti geçirildi

опубликованно 07.04.2018 // 658 - просмотров
 

“FAVO” to­pa­ryn­dan bo­lan bel­li ne­mes sa­zan­da­la­ry Falk Braýtk­roýs we Fol­ker Şlott, şeý­le hem Bel­gi­ýa­dan gelen ta­ny­mal sa­zan­da San­der de Win­ne paý­tag­ty­my­zyň ilatyny we myh­man­la­ry­ny jaz owaz­la­ry bi­len be­gen­dir­di­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan kon­sert di­ňe jaz sa­zy­nyň diň­leý­ji­le­ri we muş­dak­la­ry üçin däl-de, eý­sem iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky dö­re­di­ji­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge go­şant­la­ry­ny go­şan sa­zan­da­la­ryň özi üçin hem aja­ýyp sow­gat bol­dy.

“Wa­tan” ki­no­kon­sert za­ly­nyň sah­na­syn­da da­şa­ry ýurt­ly sa­zan­da­lar öz eser­le­ri bi­len bir ha­tar­da to­ma­şa­çy­la­ry Bob­bi Mak­fer­ri­niň, Ariel Ra­mi­re­siň, Çik Ko­ria­nyň eser­le­ri­niň ka­wer-gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar.

Ag­şa­myň mak­sat­na­ma­syn­da jaz sun­ga­ty bo­ýun­ça türk­men sa­zan­da­la­ry hem ne­mes kär­deş­le­ri bi­len bi­le­lik­de “Älem­go­şa­ryň be­lent­li­gin­de” at­ly nus­ga­wy aý­dy­my we “Bu Mas­ka­rad” ese­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. To­ma­şa­çy­la­ryň gol­daw ber­me­gin­de ýur­du­myz­da örän meş­hur bo­lan “Aý­ly ag­şam” aý­dy­my ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Bu çy­kyş­lar diň­leý­ji­le­riň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry bi­len gar­şy­la­nyl­dy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter