Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly | TDH
Sport

Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly

опубликованно 09.04.2018 // 1089 - просмотров
 

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýede kikboks boýunça geçen «3rd International Turkish Open Kickboxing Tournament» üçünji halkara açyk bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça bäş medala — iki kümüş we üç bürünç medala eýe boldy.

“K-1” ugry boýunça türgenlerimiz iki sylaga mynasyp boldular: 54 kilogram agramda çykyş edýän Çary Çaryýew ýaryşyň kümüş medalyny, Akmyrat Akyýew bolsa (67 kilograma çenli) bürünç medaly gazandy.

“Lou kik” ugry boýunça Gülzada Jorakulyýewa (70 kilograma çenli) ikinji orna düşdi. Röwşen Habyrow bolsa (60 kilograma çenli) bürünç baýraga mynasyp boldy.

“Ful kontakt” ugry boýunça Pygy Salabow (60 kilograma çenli) üstünlik gazanyp, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň hasabyna ýene bir bürünç medaly goşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter