Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 22.03.2015 // 904 - просмотров
 

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym,

Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de dostlukly we doganlyk türkmen halkyny, türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň, jebisligiň we hyzmatdaşlygyň, umumy däplerimiziň we dessurlarymyzyň ajaýyp nyşany bolan Nowruz, her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem ruhubelentlikde we bagtyýarlykda bellenip geçilýär.

Nowruz baýramynyň diňe bir ýurtlarymyza we sebitimize däl, eýsem bütin dünýä asudalyk, bagt, parahatçylyk we ösüş getirmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we rowaçlyk, dostlukly we doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

***

Mohammad Aşraf Gani,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna Nowruz baýramynyň gelip ýetmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglary beýan edýärin.

Nowruz—bu biziň halklarymyza ata-babalarymyzdan miras galan ähmiýetli, medeni we ruhy baýramçylyklaryň biri bolup durýar hem-de olaryň ruhy taýdan jebisliginiň beýany we nyşany bolup durýar.

Biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem ösjekdigine we giňeljekdigine, parahatçylygyň we durnuklylygyň bolsa biziň ýurtlarymyz üçin kada öwrüljekdigine umyt edýärin.

Sözümiň ahyrynda Siziň Alyhezretiňizi Nowruz baýramynyň gelip ýetmegi bilen ýene bir gezek gutlamak hem-de Size berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňe gitmegi, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter