Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

опубликованно 12.04.2018 // 1167 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz gutlagynda Ilham Aliýewiň saýlawlarda gazanan ýeňşiniň azerbaýjan halkynyň onuň döwlet gurluşyny berkitmäge we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluna uly ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýandygyny belledi.

“Türkmenistan bilen Azerbaýjany köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň iki doganlyk halkyň bähbidine türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny depginli ösdürmek we pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Ilham Aliýewe berk jan saglyk we abadançylyk hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde parahatçylygyň, öňe gitmegiň we Azerbaýjan Respublikasynyň doganlyk halkynyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter